okayjy
15.07.2023 22:53

Barybir sensizlik kyn gelýär maña ,

Aranyñ daşlygy edenok täsir ,

Janymdan eý görüp , ezizläp her dem ,

Seni hiç görmezden söýmegim täsin .


Ynan hiç bir zada çalyşman seni ,

Seň ýerini dolup bilmez öñýeten ,

Adyny kalbymda möhürläp goydum ,

Belki unudaryn geýemde kepen .


Senden başga görünenok gözüme ,

Seretsene edil gözli kör ine ,

Kemli göwnüm şonda ynjalyk tapar

Gelnim bolup geleninde törüme .


Goy , gepimiz edibersin bahyllar ,

Gulak asman , saña bolan ynam bar ,

Iñ bolmanda , bu çäklije ömürde ,

Senli günlen geljegine ynanýan .


Çañ durmuşyň dyrnaçaklap ýüzüni ,

Kyn bolsa - da saña tarap iterin ,

Söz beremok , yöne demim durmasa ,

Senli güne bir gün hökman ýeterin ...


# B.Bejidow

123
647
feri
22 Iýul 2023
👍❤🥺
okayjy
21 Iýul 2023
@BaýramBejidow, Gowy ýazýañ dostym ýene dowam 👍. Ýöne soñky wagtlar azaltdyñ goşgy ýazmañy ýa men gabat gelemok 🤔
a1b2
21 Iýul 2023
Meaningful strings 👍
a1b2
21 Iýul 2023
Meaningful strings 👍
BaýramBejidow
21 Iýul 2023
Şuny özüm goýamda beýle köp like bolmandy☺️
surat
21 Iýul 2023
@kays, gelli
surat
21 Iýul 2023
@kays, yok
surat
21 Iýul 2023
Bellap alay diyenizson gosgunymyka didim?@surat,
surat
21 Iýul 2023
surat
21 Iýul 2023
@kays, 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.