hajymyratt
15.07.2023 22:37

Dünýäde ejeñi ýitiren bolsañ,

Aýyñ , Günüñ dogmasyny üýtgeder,

Ejiz diýip arkañ aljaklar azdyr,

Köpüsi hem gaýtmaz , kalbyñ tüýtmeden.


Dünýäde ejeñi ýitiren bolsañ,

Ýaşamaga höwesiñem gidendir.

Seniñ üçin iliñ etmedik zadyn,

Balam üçin diýip ejeñ edendir.


Dünýäde ejeñi ýitiren bolsañ,

Gursagyñdan kalbyñ sowrular gider.

Henize çen, gam görmedik ýaş başyñ,

Gussalaryñ bilen agralar gider.


Tagamsyz bor iýjek diýip elläniñ,

Elden gider meñki diýip belläniñ,

Şonda-da sen bu Biribar Allanyñ

Nazaryny salan bendesi borsuñ,

Dünýäde ejeñi ýitiren bolsañ.


Hajymyrat Goşaýew

21
38
ress
16 Iýul 2023
👍
klyf
16 Iýul 2023
Mlds
sweetify
15 Iýul 2023
Good poem👍😢
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.