gullnara_
14.07.2023 18:17
Gyssagly ýygnaga barýadym. Ýolda taksä mündüm. Sürüji gürrüňçil adam eken. Ol gürrüň berýär men diňleýän.
Şeýlelik bilen işleýän edaramyň öňüne geldik.
Ýolyň nyrhy 3.75 manat boldy. Men 4 manat uzatdym. Belki hemmämize tanyş ýagdaýdyr, taksist gaýtargyny gözlän bolýa bizem almak üçin bir aýagymyz daşarda özümiz maşynyň içinde garaşýarys. Edil şol sahna.
- Gaýtargy gerek däl - diýdim.
Maňa seredip:
- Wagtyň barmy agam? - diýdi.
- Hawa bar – diýdim (Bir aýagym intägem daşarda).
Taksi sürýän adam maşyndan düşdi. Golaýymyzda bir dükan bardy, şol ýere gidip bir zatlar gürleşip geldi we maňa 25 teňňe uzatdy. Hälki puly böldürmäne gidipdir.
- Agam, 3.75 manat dälde 4.25 manat bolan bolsady menden 50 teňňäni alarmydyň - diýdim.
- Nämesini alaýynaý onuň, özi bir 50 teňňe - diýdi.
- Onda näme üçin maňa 25 teňňe bermek üçin onça ylgadyň, men saňa gaýtargy gerek däl diýdimä - diýdim.
Maňa seredip (men intägem ulagyň arka tarapynda otyryn):
- Wagtyň barmy agam - diýdi.
- Bar - diýdim.
- Onda gapyny ýapyp goýber - diýdi.
5 minut gürleşdik. Näçe professorlar we beýleki adamlardan bilim aldym. Şol taksistiň 5 minutda öwredenini hiç bir professor hepdeläp okadan sapaklaryndada öwretmedi maňa.
- Agam, biz 5 dogan. Kakam adaty bir işçidi. Günde iş gözlemäge giderdi. Tapan güni işläp gelerdi. Tapmadyk günem biz öýe gelşinden ýüzünden aňardyk. Ýagdaýymyz erbetdi. Agşamlary ýerde üýşüp nahar iýerdik. Nahar gutaran soň kakamyz "Duruň turmaň entäk" diýerdi. Başda omin ederdik, soň kakam bize saçagyň başynda durmuşdan gürrüň bererdi.
- Näme gürrüň berýädi kakaň ? Durmuşda nädip üstünlikli bolmagy gürrüň berýädimi?
Şol gün iş tapman öýe pul getirip bilmän, soň çagalara durmuşda üstünlik gazanmagyň usullaryny düşündirýär.
- Kakam işe gidende uly agam oňa öýkünerdi, ýyrtyk jorap geýip jalbaryň jübilerini daşaryk çykaryp, 4 dogany garşysyna alyp "Dogry we dürs adam boluň. Öýüňize haram aş sokmaň" diýip öýkünerdi bizem gülerdik üýşüp.
Ejem gaharlanardy "Kakaňyzyň üstünden gülmäň. Ol hem dürs hem işeňňir adam" diýerdi. Edil gapdal goňşymyzyň iki çagasy bar. Olaryň kakasy baý. Olaryň kakasy bir naharhana işledýärdi, ýöne beýleki gara işleri hem bardy. (ýagny humar oýnardy) Biziň täze hiç hili zadymyz bolmandy. Hemişe ol ikisiniň köne eşiklerini geýerdik.
Goňşymyzyň kakasy köçeden geçende biz 5 dogan aýaga galardyk, çünki bize pul bererdi. Kakam öýe gelende aýaga galmazdyk. Sebäbi pul, sowgat nirdeee. Soň kakam ýogaldy. 6 aý içinde goňşymyzyň kakasam ýogaldy.
Ol adam çagalaryna 5 gat öý, naharhana, pul we mellekler miras goýup gitdi. Biziň kakamyz näme goýup gitdi bilýäňizmi?
- Näme goýdy ?
- Dükana bolan karzlaryny we nesihatlaryny goýdy : "Çaglarym işiňizi dürs ediň, hakyňyz bolmadyk puly almaň." we ş.m... Agam, aradan 15 ýyl geçdi ... Goňşymyzyň iki ogly şuwagt tussagda. Ne öý galdy, ne-de naharhana. Maşgalasy dagady. Biz 5 dogan, herimizdede 1 maşyn bar. Hemmämiziň maşgalamyz, çagamyz, öýümiz bar. Öňräk uly doganymyz bizi toplap şeýle diýdi: "Asyl mirasy biziň kakamyz goýup gidipdir." Hemmämiz agladyk. 5 dogan taksiçilige başlanymyzdan bäri, taksimetriň ýazmadyk 10 teňňesini öýümize salmadyk. Allajana şükür hemme zadymyz bar."
Gaty tolgundym. Sag bollaşyp düşjek wagtym hem :
- Dur agam esasy zady indi aýtjak – diýim meni taksist saklady.
- Näme esasy zadyň ?
- Nirede ýaşaýas bilýäňmi ? Şol iki doganyň 5 gatly öýüni biz aldyk. 5 dogan bolup şol ýerde ýaşaýarys.
Çagaňyza ne maşyn goýup gitýäňiz, ne öý, ne-de başga bir miras. Çagaňyza diňe gymmatlyk düşünjesini goýýaňyz. Iki kakada çagalaryna gymmatlyk düşünjesini goýup gidipdir. Ýöne şol gymmatlyk düşünjesine her çaganyň aýratyn garaýşy bardyr. Hemme çaga birmeňzeş däldir. Durmuşda pul, baýlyk, zat esasy däldir, ýadyňyzdan çykarmaň! Esasy zat at-abraý, durmuşdaky, adamlaryň kalbyndaky eýeleýän ornuňdyr. Hiç mahalam zada kowalaşmaň, halal, arassa bolsaň rysgalyň özi seni gözläp tapar!

çeşme:http://vk.com/hekaya
60
345
al_salikha
23 Iýul 2023
Super🤩
kese
16 Iýul 2023
Hakyky
joma
16 Iýul 2023
Dogry aýtýAñyz
ayuada
15 Iýul 2023
Walik salam
wideo
15 Iýul 2023
Sagbol manyly gowy zat yazypsyn
korole
15 Iýul 2023
Salam diýdim bolyn hiçkimden jogap ýoklaý
lavinya_
15 Iýul 2023
👏👏👏
betim
15 Iýul 2023
Ay yöne at abrayam gerek velin puluň bolmasada yasaýyş gaty kynn
wolf
15 Iýul 2023
👍🔥👍🔥👍👌
aglar
14 Iýul 2023
Dogry
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.