gullnara_
14.07.2023 12:43

Joram men-ä aýlygyma

Soňky çykan aýfon aljak.

Soňra galan pullaryma

Üýşürjekde bir jaý saljak.


Penjiräde gymmat perde

Dakjak owadan žalýuzy.

Banýada-da akja kafel,

Gyrasynda giň žakuzi


Öýüň içi nepis haly,

Mebeller ýokary hilli

Girelgede uly küýze

Keşdeleri gyzyl gülli.


Saňa-da doglan günüňe

Bolsa, ýüzük sowgat berjek.

-A sen nirde işleýärsiň?

-Iş tapamok, tapsam girjek.


Merjen Jumaýewa

65
861
geci
18 Iýul 2023
Sag bol gosgynyza
pike
16 Iýul 2023
Arzum etmek gowy zat
mandarin
16 Iýul 2023
Iş tapsañ mañada aydaber😁
shik
15 Iýul 2023
Мечтать не вредно🙃
bega90
15 Iýul 2023
Turkmen satirasynyn beyik yyldyzy "Nurmuhammet Nazarow"(Nuryshka) gowy sozi bardy: " gowurdak bolsa, gotur öljekmi" diyip,. Oncha zat bolsa bolmajakmy😍😊🥺
family
15 Iýul 2023
Arzuwyna yet❤️❤️❤️
iamalone
15 Iýul 2023
Onca zat bolsa
iamalone
15 Iýul 2023
Wash bolsa tkmda bolmayan
korole
15 Iýul 2023
Salam alo
hosh
15 Iýul 2023
gaty pikir mds
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.