atashka_007
14.07.2023 07:48

Ýerleriň hemmesini daýhanlar bejiripdirler. Mülkdarlar ýerleri kärendesine beripdir. Salgytlar emeriň, halyfyň kaznasyna siňiodir. Ikta ýerleri arasyndan ogluna nesle geçipdir. Sebäbi ol ýerler köplenç harby işe çeşmelere berlipdir.


VII-VIII asyrlarda Araplar d.g. Afrikany, Pirineý ýärym adasynyň köp ýerlerini eýläpdir. 715 Zakawkaziýa, soňra merkezi Aziýany basyp alýar. Basyp alan ýurtlarynyň halklary Omaýatlarydan närazyçylygy artýar. Şehitler we harajitlerden başgada 20 ýylarda täze topar abbasitler peýda boldy.


Omaýatlaryň häkimiýeti çykylsada olaryň biri Ispaniýa gaçyp, garaşsyz kardow emiratyny döretdi. Abbasitler basybalyjylylyk syýasatyny dowam etdirdiler.


Halyfatyň g.d. Merw oazisinde gozgalaňe Abu Mulsim ýolbaşçylyk etdi. Ol asly gelip çykyşy boýunça parsdy, Horasan we Mawerannahryň halky gozgalaňa aýaga galdy. (Amyderýa bilen Syrdarýanyň aralygy) bir bada 60 oba aýa galýar.


Hünärmentler, söwdagärler, daýhanlar gatnaşdy. Gözdalan 747 ýylda başlanyp üç ýylda golaý dowam etdi. Halyf Merwan II Müsüre geçip şol ýerde öldüpdir. Halyf diýip Abbasid Abul Abbas yglan edipdirler. Abbasitler (750-1258) Halifatda häkimligi ele alýär.


Ýöne abbasitler Siriýada, Damaskda köp saklanyp bilmediler, sebäbi ol ýerde Omaýatlryň tarapdarlary köpdi. Şol sebäpli olaryň ýurdyň paýtagtyny Bagdada geçirdiler (762 ý.). Abbasidleriň döwründe söwda we ýere iri ýer ýeçiligi saklanypdyr.


Ikta düzgüni ýaýraýar. Musulman dini edaralarynyň wakuf ýerleri bolupdyr. Halyfatda VIII asyryň 2 ýarymyndan IX asyryň I ýarymyna çenli Abbasidleriň häkimiýetine garşy halk hereketleri dowam edipdir.


755 ýylda Horasanda Sumbodyň gögalany Merkezi Aziýada 776-783 ýylda Mukannanyň ýolbaşçylygyndaky halk hereketi (Akbynaslylaryň gözgalany) Gürgende 778-779 ýylarda gözgalan boldy.


816-837 ýylarda Azerbaýjanda we Günbatar Eýranda Babegiň ýolbaşçylygyndaky daýhan hereketleri boldy. 839 ýylda Tabristanda (Mazendaranda) Marýaryň ýolbaşçylygyndaky halk köpçüliginiň hereketi bolup, daýhanlar araplaryň ýerlerini eýeläpdirler.


VIII-IX asyrda hüramentleriň hereketi Azerbaýjana we Merkezi Aziýada täsirli bolupdyr (huromit sözüniň gelip çykyşy barada maglumat ýok). Bu hereket iri ýer eýeleriniň ezişine garşy bolandygy üçin progressiw rol oýnapdyr.


Halyf Muliniň döwründe (813-833) Müsürde halk salgytlara çydaman herekete gelýär. Muliniň özi baryp gozgalaňy ýätyrýär. Aýllary, çagalary gula öwüripdirler. Ýöne nähili bolsa-da, gozgalaň ýatyrylandan soň salgytlar düzgünleşdirilýär.


Araplar syýasy taýdan pese gaçsada arap-musulman medeniýeri, edebiýaty hünärmentçilik, söwda, deňizde ýüzmek ösdi. Suw gurluşygy, desgalaryna uly üns berildi. Yspaniýa bilen Hytaý aralagynda sowatly adamlaryň sany artdy. Goşuna uly üns berildi. Göçüp-gonup ýörän bedwinlere derek hakyna tutma goşup berildi. Agrar gatnaşyklary Abbasidlererde öňli ýaly galdy.


Horosan eýenlylaryň Tahirid (821-873) neberelerine berildi.


Tahirid Abdallah (828-844) ýurduň ykdysady ösüşine uly üns berýär. Emma jemgyýetçilik ýerleriniň daýhan gozgalaňlaryna getirýär. Şeýdip Eýranyň Gündogarynda Saffaridleriň mebereleriniň döwleti döredýär. Ony esaslandyran Yakub Ibn Leýsdir. 864 ýylda Ol Leýstanda Emir boldy. Häzirki Owganystanyň Hyrat, Kabul, Gazna, Kerman, Pars ýerlerini eýeläp 873 ýylda öž häkimiýetini berkitdi. Bagdada ýöriş etdi. Ýöne ol ýeňildi. Soňra bütin merkezi Aziýa diýen ýaly Samanileriň (875-999) gol astyna düşdi. IX-X asyrda halyfat pese gaçyp başlady. Sebäbi milli halyfat pese gaçyp başlady. Sebäbi milli azat edijilik hereketler güýçlendi. Eýranda Tahiriler, Merkezi Aziýada Samaniler, Demirgazyk Afrikada Müsürde Halyfa salgyt tölejek bolup gozgalaňlar turdy.Kermatlaryň gozgalaňy 900-902 ýylda Siriýada bolup geçdi. Kermatlar gozdalaň turuzdylar. Emma bu gozgalaň ýatyrylandan soň Ysmail, Tunisa gaçýär, bu ýerde Muhammediň nesli bilen baglanyşykly. Fatimidlerin Ysmailit halyfaty döredilýär (910-1171).


X asyryň ahyrynda Alžir, Tunis, Siriýa, Sisiliýa, Müsür, Palestina, Siwiýanyň uly bölegi degişli bolupdyr. Fatimid Ismaitleriniň hem karamatlaryň hem belli bir meýilnamasy bolmansyr. Olaryň baryly din bilen baglanyşykly bolup, halky özmek, talamak, hormatlak, öldürmek, gula öwürmek bolupdyr.

19
129
milasxka
3 Awgust 2023
❤🧿
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.