gullnara_
13.07.2023 15:31
Çyndanam göz degýärmi?
Türkmenlerde köneden bäri dowam edip gelýän “göz degmek” diýen bir yrym bar. Oňa ynanmaýanlardan ynanýanlar has köp bolsa gerek. Ýogsam biziň il arasyndaky “Pylanyň gözi deger bolmaly, nämä seretse alaýýar”, “Pylana göz degipdir”, “Gözüň degäýmesin, tüweleme diýeweri!” diýen ýaly sözleri häli-şindi eşidip durmazdyk.

“Göz degmä” diňe bizde däl-de, eýsem ABŞ-da, Kanadada, Afrikada, Türkiýede, Eýranda, Ýewropa ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly ynanylýar. Oňa Mongoliýada, Ýaponiýada, Hytaýda seýrek ynanylýar. Koreýada, Birmada, Tibetde, Tailandda beýle yrym düýbünden ýok diýen ýaly. Gadym wagtlarda bu ýurtda “Si gun” diýen energiýa bar diýip, onuň gowy täsirinden nahili goranmagy öwrenendikleri üçin “göz degmek” olara howpsuz bolup galypdyr.

Göz degmäge her ýurtda bir hili ynanylýan eken. Efiopiýada diňe aýry-aýry adamlaryň gözüniň degýändigine ynanylýar. Hindistanda islendik adamyň gözüniň degmegi mümkin diýlip hasaplanýar.

Russiýada gyşyk ýa-da içine çöküp duran gözler degýär diýlip ynanylsa, Italiýada gök gözli adamlaryň gözüniň degýän bolmagy mümkin diýlip çekinilýär. Munuň tersine, Günbatar Ýewropada gara gözli adamlardan howatyrlanylýar. Ispaniýada bolsa diňe ýat adamyň gözi degýär diýlip ynanylýar.

Köp halklarda gözi deggir diýlip hasaplanýan adamlara ýanyna düwünçege duz alyp gezmegi maslahat berýän ekenler. Göz degmeginiň esasy sebäbini, düýp çeşmesini ähli ýurtlarda, şol sanda bizde hem bahyllyk, gözügidijilik, açgözlük zerarly diýip bilýän ekenler.

Göz degmekden goranmak üçin, halk dürli döwürlerde her hili tärleri oýlap tapypdyrlar. Şol tärleriň iň peýdalysy hökmünde, “Tüweleme, tüweleme, tüweleme, tüf, tüf’ diýip, üç gezek tüýkürmek hasaplanypdyr. Ýer ýüzündäki ähli halklar adamyň tüýküliginde uly gudrat bar diýip aýdýarlar. Türkmenlerde “Ýylanyň agzyna tüýkürseň ölýärmiş” diýen gürrüň bar, ýöne munuň çyndygyny ýa ýalandygyny barlap gören bardyr öýdemzok. Häzirki zaman lukmançylygynda her adamyň tüýküligi boýunça keselini anyklap bolýandygy barada nygtalýar. Aslynda, Gadymy Gresiýada adamyň hiç zat iýmänkä, ir bilen tüýküren tüýküligi bilen gijilewük kesellerini bejerýän ekenler. Piliniý “Tebigy taryh” diýen kitabynda bu emiň adama örän gowy täsir edýändigini aýdyp geçýär. Ýöne bu ýönekeý, göräýmäge zyýansyz usuly synap görüp, biziň günlerlmizdäki keselli adamlaryň saplanany-ha ýok bolsa gerek. Belki-de munuň şeýledigini adamlar bilýän däldirler. Her niçigem bolsa, tüýküligiň agzalyp geçilen kesele em bolýanynyň sebäbi-de şol derdiň adama göz degmegi arkaly sataşýandygy bilen düşündirip bolar. Türkmenlerde göz degmekden goranmak üçin, dürli tärler oýlanylyp tapylypdyr. Halk, köplenç, çagalara ýa-da göz deger diýip gorkýan zadyna doga, tumar, alaja ýüp, düýe ýüňünden edilen bag, dagdan agajynyň bölejigini dakýan eken.Ylmy esasda barlaglar geçirip görmän, bu zatlaryň nädip adamy göz degmekden gorap bilýändigini aýtmak kyn. Eýsem, şu agzalan zatlaryň köpüsiniň adam synasyna oňaýly täsir edýändigi mümkin. Belki-de halk tejribe edip görüp, şuňa meňzeş zatlary il gözüne görkezibermekden saklanypdyr.

Göz degmeginden goranmagyň iň gowy ýoly ýaman gözden daşrakda bolmak diýip düşünipdirler. Şonuň üçin ýaş çagany, ýaş gelni, dokmadaky halyny, pile saraýan gurçugy, sygyrdan saglyp alyan süýdi we şuňa meňzeş zatlary il gözüne görkezmekden gaça durupdyrlar. Şeýle edilmese, ynsanyň kesellemegi, gurçugyň gyrylmagy, sygryň süýdüniň çekilmegi we şuňa meňzeş ýagdaýlaryň ýüze çykmagy mümkin diýip düşünipdirler.

Dürli döwürlerde gözi deggir diýlip hasaplanan adamlaryň bu gürrüňlere çyny bilen ynanýanlaryň gazabyň pidasy bolandyklary hakda maglumat bar.

1879-njy ýylda Tihwan uýezdiniň Wroçewo obasynda şeýle waka bolup geçipdir. Şol obada ýaşaýan Agraflna Ignatýewa atly birine gözi deggir diýip ynanýan ekenler. Bir gün Kuzmin diýen obadaşynyň öýüne baryp gaýdansoň, şol öýüň gyzynyň içinden duýdansyz agyry tutup, burup başlapdyr. Şeýle ýagdaý Agrafina başga bir öýe baryp gaýdansoň hem gaýtalanypdyr. Obadaşlary muny Agrafinadan görüp, ony daşaryk çykarman, öýünde gabap heläkläpdirler.
18
201
lala
14 Iýul 2023
@madagaskar, sizinkem dogry bolsa dakynasynyz gelse dakynsanyz gowymyka diyyan.Ozin islanini etmage hukugyn bar🙄👍
lala
14 Iýul 2023
@madagaskar,bilmedim siz name pikir edyan bolsanyz herkimin oz pikiri bar mena hic kime doga,tumar dakyn diyp maslahat bermeyan.Adamda herhili yere barya guwy dalda ayat,dogaly,hemme desige girip yormek🤷‍♀️🤷‍♀️
madagaskar
13 Iýul 2023
@lala, hawa buzatlary ulanmaklyk şirkden hasap edilya emma kabir ulamalarymyzyn aytmagyna gora nazar sol zatlara birinji degse solar gaytarmyamysynam diyyanleri bar. Umuman sol dogalary ozine tumar edinsen gowymyka diyyan
madagaskar
13 Iýul 2023
@gulshatayewa97, gaty dogry sebap pygamberimiz s.a.w menin ymmatymyn gabyrda yatanlarynyn yarsy nazar sebaplidir diypdrda. Goz degmegi kan bir unse salmayanlaram bar. Emma gaty esewan bolmaly yagdaylaryn birimika diyyan
lala
13 Iýul 2023
Goz monjuk Allatagala şärik gosmak diyip hasap edilya sonyn ucin gozmonjugy kan halayan yok 👁️
lala
13 Iýul 2023
Goz degmek barada Kurandada agzalyp gecilya hakykyadanam goz degyar yone degmez yaly goz monjuk asmaly dalde okalyan dogasyny okamaly
gulshatayewa97
13 Iýul 2023
Göz düýäni gazana sokar, ynsany mazara dýä pygamberimiz s.a.w. çyndanam bar Göz degme
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.