atakulyyewa_humay
13.07.2023 00:06
Wagt durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegi hasap edilýär. Wagtdan gaçyp sypmak ýok. Bellenen sagatlar we duýduryşlar durmuşymyza doly täsir edýär. Tehnologiýadan ýüz öwrüp, tebigata gaýdyp gelsek-de, Ýeriň öz okunyň aýlanmagyna we Günüň daşyndaky hereketine bagly ýaşamaly bolýarys. Adamzat dünýäde ähliumumy senäni we wagt guşagyny kabul edýär.

Halkara kosmos stansiýasynda günde 16 gezek gün batýanlygy sebäpli, wagt zolagy hökmünde ähliumumy wagt (UT) hasaplanýar. Bu bolsa Grinwiçiň ortaça wagty (GMT) bilen deňdir.

Bu logika görä, ähliumumy wagt Aýyň wagtydyr. Emma, bu düýbünden dogry däl. «Artemis III» bilen Aýyň üstüne ýene gonular. Emma häzirki wagtda Aýda haýsy wagt zolagyny ulanmalydygy barada doly gelnen netije ýok. Häzirki wagtda kosmosda haýsydyr bir wezipe ýerine ýetirilende, ýerine ýetirilýän ýurda laýyk wagt zolagy ulanylýar.

Emma Aýda, Ýerdäki ýaly, Günden peýdalanmak derege ýaramaýar. Sebäbi, bu ýerde günüň dogmagyndan ýaşýança 14,77 Ýer güni gerek bolýar. Mundan birnäçe wagt öň internetde «Aý standart wagty» atly teklip öňe sürlüpdi. Bu teklipde sekuntlar, minutlar we sagatlar öňküligine galýar, 24 sagady bir aýlaw hökmünde göz öňünde tutsak, 30 aýlaw doly aý gününe gabat gelýär, bu takmynan dogry bolupdy.

«Apollo» kosmonawtlary hem belli bir wagt guşaklygyny ulanmadylar. Kosmonawtlar «Launch Time History» (GET) diýlip atlandyrylýan wagt ulgamyndan peýdalandylar. Şonuň üçin häzir hem Aýda nähili wagtdan peýdalanmaly, haýsy wagt zolagyny ulanmaly bu meselelere çözgüt gerek bolup durýar.
39
387
atakulyyewa_humay
14 Iýul 2023
@radnoy, Salam. Minnetdar!
radnoy
14 Iýul 2023
Salam.Aslynda sular yaly zatlara wagtyny sarp etsen has gyzykly.Bilmeýan zatlarymyzy owrenyas.Haladym😊👍👍👍
dowletmyrat1990
14 Iýul 2023
Haladym dost
pisik
14 Iýul 2023
Slm
atakulyyewa_humay
13 Iýul 2023
Filosofiyada, Wagt bu— barlygyň hereketi bn jebis baglanyşykly ýagdaýda üznüksiz we yzygiderli dowam edýãn ählumumy ýaşaýyş şekili, zaman
psiholog
13 Iýul 2023
Aslynda wagt name?
wolf
13 Iýul 2023
Adam wagtyny biderek sarp edyar, uytgesik wagtam yokdygyna garamazdan
pinchi
13 Iýul 2023
Ayda nave
jemk
13 Iýul 2023
Sala.
3475
13 Iýul 2023
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.