okayjy
12.07.2023 20:49

... Aýdyšlaryna görä, mundan alty müñ ýyl öñ, Allatagalla bir ada-da bir öküz ýaradypdyr. Her gün, gün ýeri agardyp başlanda, ol öküz ukydan oýanýar. Seretse kenaryñ gyrasynda göziñ soñuna ýetmejek meýdan ýap-ýaşyl ot bilen doly. Şeýlebir otlar boý alypdyr welin, Öküz içine girse ýitip gitýär. Öküz azar berjek hiç kim ýok. Ýeke başyna ol ýaşyl meýdanyñ içine çümer, bütin meýdany iýer, gutarar...

"Öküz açlygy" sözini bu hekaýa sebäpli diýlipdir, muña meñzeş açlyga, "Nebis" hassalygyna tutulanlar diýlipdir.

Gije bolýança Öküz bar meýdanyñ otyny iýip gutarar, şeýlebir semräp, şeýlebir çişer welin, aýak üsinde zor durar. Agşam wagty gelende Öküz, meýdana bir sereder we bütin meýdanda ýekeje otyñ hem ýoklygyna gözi düşer. Öz-özine : "Doýmagym üçin gaty köp ot bardy. Bu gün hemmesini iýdim, garnymy çişirdim. Ah, ertir näme iýerkäm ? " diýer. Şeýlebir ah çeker, ertiriñ gamyny şeýle bir iýerdi welin, otlamaga başlamadyk ýagdaýna geler, horlanar, gysgalar eken. Ýöne " Men näçe gezek bular ýaly ýagdaý üçin ýok ýere gam iýdim. Beýik Tañry meniñ gara nebsime seretmezden, bu giden meýdany ýene ýap-ýaşyl etdi. Munça ýyllap bul hemişe şeýle. " diýip aklyna bile gelmez eken...


# Mevlana...


📌 Terjimede ýalñyşlyk bar bolsa bagyşlañ.

89
386
aikamm
14 Iýul 2023
@korole, bolonok
korole
14 Iýul 2023
Video 📷📸 goýup bolyarmyka
korole
14 Iýul 2023
Salam hemäňize ‼️
mandarin
13 Iýul 2023
@iamalone, bilyas bu multygy
kese
13 Iýul 2023
Karoçam nebsine haý diymelidalay
maral
12 Iýul 2023
Manyly 👍🏻
iamalone
12 Iýul 2023
Suraty Ferdinandynky
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.