okayjy
11.07.2023 20:06

Döwül göwnüm ! Döwülenne deger -le ,

Özgelerin şat bolmagy ýeterlik ,

Üns berme boş geplere , gybata ,

Sogap gazan iman bilen öterlik .


Agla kalbym ! Aglanyña deger - le ,

Ýazylan täleýin üýtgetmez teññe ,

Kiçilikden göz ýetiren bir zadym ,

,, Aglamadyk çaga berilmez emme ".


Köy yüregim ! Köýeniñe deger - le ,

Ýykylyp täzeden galmagym hiç däl ,

O dünýäde jaýym Dowzah bolmasa ,

Bu dünýän oduna ýananym hiç - le ...


#B.Bejidow

59
87
okayjy
11 Iýul 2023
@gull, Bolup biler. Herkim herhilek...
okayjy
11 Iýul 2023
@Bitter, Belki...
okayjy
11 Iýul 2023
@garlawac_, Bir zat döwdiñmi )
Paradise
11 Iýul 2023
Yazylan taleyim uytgetmez tenne👍
wolf
11 Iýul 2023
👍🔥👍🔥👍😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.