nepes_01
10.07.2023 04:33
Maña seniñ Gözleriñden Gitme ýok
Maňa seniň sözleriňden gitme ýok. 
Düşün, bu dünýäde soňky güne çen 
Seniň şatlyk hem gussaňa bagly men . 

Seniň ýüpek gijeleriňden gitme ýok . 
Seniň aýdyň gündizleňden gitme yok. 

Bu garagol jahyllykdan giderin. 
Ol hasaly gojalykdan giderin . 
Çünki men olardan gitmän bilemok . 
Emma seniň ykbalyňdan gitme ýok . 


Men zemin . 
Sen bolsa ullakan asman . 
Saçlaryn nur edip üstüme dökýän . 
Emma ,düşün ,läläm, şeýle gün dogar: 
Saçlaryň gar bolup üstüme ýagar . 
Şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme 
Gararyn belentden ýeriň ýüzüne . 


Men bir gyzda gözleriňi görerin . 
Men bir gyzda sözleriňi görerin . 
Şapakda görerin-ýaňagyn alyn . 
Gijede görerin —ýaňagyn halyn . 
Synlap ýapraklaryň ýüzünde deriň , 
Onda seniň gözýaşyňy görerin . 


Zemin aylanyp dur , 
Oňatlyk örän ! 
Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok . 
Dünýäň her gülünde men seni göryan , 
Şonuň üçin bu dünýäden gitme ýok.
15
51
arzuvym_talyp
10 Iýul 2023
Maňa seniň gözlerinden gitme yok 👏👏👏
Akgyz💗
10 Iýul 2023
👍👍👍👍....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.