king_tm
10.07.2023 04:32

SABYR


Gün dogar, Aý dogar öz wagty bilen,

Öz wagty gelende süýjär almalar.

Başagaý durmuşda darykma, kalbym,

Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.


Bir ömürde müň alada-gaýgy bar,

Adamlaryň garasy bar, agy bar.

Şükür, ýöne ähli zadyň çägi bar,

Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.


Bugdaýa suw tutsaň, çaýyr-da ganýar.

Laçyna öýkünip, garga-da gaýar.

Çybyklar çüýreýär, töňňeler galýar,

Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.


Eşegiň yzyna tirkelen düýe

Namysdan ölenmiş öz etin iýe...

Urpak tozap gider, butnamaz gaýa,

Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.


Mydam bolup durmaz dokuzyň doly,

Başyňy belent tut, pesde tut päli.

Küşdüň mallarynyň dikilşi ýaly,

Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

22
92
king_tm
10 Iýul 2023
@mawy, menem kowalap baslapdyra indi bu bizi gowy gördi öýtýän
king_tm
10 Iýul 2023
@mawy, sps sen ün goýdum🙃
Akgyz💗
10 Iýul 2023
@seljukly 🙋salam men ba😇
Akgyz💗
10 Iýul 2023
👍👍👍👍....gowy goşgy!!!🙂💕
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.