atakulyyewa_humay
09.07.2023 00:21
Witaminlere we minerallara örän baý käbir iýmitleriň gabyklary özlerinden-de köp peýdaly iýmit maddalaryny saklaýar. Şol sebäpli hünärmenler bejeriş maksatly gök önümler ýa-da miweler ulanylanda gabyklaryna hem uly üns berilmelidigini nygtaýarlar.

Kiwiniň gabygy

Adam bedeni nädogry iýmitlenmeden zäherlenen halatynda kiwiniň gabygyny aýyrmazdan sykylyp miwe şiresini içmek maslahat berilýär.Sebäbi kiwi gabygyndaky witaminler aşgazany arassalaýar.

Ýeralmanyň gabygy

Ýeralmanyň gabygy ýüzdäki düwürtikleri aýyrmakda şeýle hem gözüň aşagyndaky halkalary azaltmakda örän peýdalydyr.

Almanyň gabygy

Köp adamlar almanyň hem gabygyny aýyryp iýýärler.Aslynda alma gabygy has peýdalydyr.Ol peýdalanylanda ilki bilen guradylýar we çaý ýaly içilýär.Bu çaý aşgazany arassalaýar.Terligine alma gabygyny gözüň aşagyna 1 sagat goýulanda gözüň aşagyndaky gök reňkiň solmagynda peýdalydyr.

Pyrtykal gabygy

Pyrtykal gabygy efir ýagynyň kömegi bilen deridäki deformasiýa öýjüklerini azaldýar.Mundan başga-da mör—möjekler,onuň ýakymly ysyny halamaýarlar.

Banan gabygy

Banan gabygynda peýdaly süýümleriň köp bolmagy sebäpli iýmit siňdiriş keselleriniň töwekgelçiligini azaldýar.Banan gabygy deri keselleri üçin hem peýdalydyr.

Şetdaly gabygy

Şetdaly gabygy arassalaýjy serişde hökmünde ýüze sürtmek arkaly peýdalanylýar.Şol ýagdaýda düzümindäki A witamin ýüzi arassalaýar we ýüzüň tebigy reňkini gazanmagyna kömek edýär.

Limon gabygy

Limon gabygy bokurdak çişmesinde,burun dykylmasynda käbir alymlaryň bellemegine görä ýuwulyp iýilende diş saglygyny goramakda hem peýdalanylýar.

Sogan gabygy

Tebigatda tapylan güýçli antioksidant iýmitlerinden biri bolan sogan gabygy gandaky holestrini kadalaşdyryp,ýürek keselleriniň öňüni alýar.Şol bir wagtyň özünde sogan gabygy gaýnadylyp peýdalanylanda bedendäki çişleri bejermekde hem ähmiýetlidir.
42
421
gymmat
10 Iýul 2023
@seyitka, yok iymeli dasyny, icinem zynmaly
psiholog
10 Iýul 2023
Melhemlik kremlerem tayynlap bolyar sulardan oy sertlerinde
seyitka
10 Iýul 2023
Ýer alma gabygyny sykyp içmelimikä?
uuuu
9 Iýul 2023
Nameden baslayyn tanyslygy aydyn@avion,
uuuu
9 Iýul 2023
@avion, nm tanysdyrayyn aydyn
uuuu
9 Iýul 2023
Bılıp nm etjek bolyanyz dıne lebaplylygymy bılsenız bolanokmy@avion,
uuuu
9 Iýul 2023
@avion, nm sonuna cenlı
uuuu
9 Iýul 2023
Kân tanyslyk edemok 🤭
uuuu
9 Iýul 2023
@avion, zyyany yok gynanman yokla gaty goremok
uuuu
9 Iýul 2023
@avion, aayy bolyala boljagy boldy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.