Gyzykly
26.03.2020 13:44
Gyzykly jumleler!

Hasaplamalara görä, adamlar hepdede 6 sagadyny kitap okap geçirýärler.
* * *
Dünýäde iň uly kitap Amsterdamyň muzeýleriniň birinde saklanylýar, onuň galyňlygy ýarym metre barabardyr. Kitap «Deňiz ýollarynyň düzgünleri» diýlip atlandyrylýar.
* * *
Adam okaýan pursadynda 50 göterim wagtyny dürli harplara seredýär. Şol pursat görüş nokady hem dürli taraplara ýaýraýar.
* * *
Adamlaryň 95 göterimi çalt okamaga ukypsyzdyr. Olar bir minutda 180 — 220 söz okap bilýärler (1 sahypany 1,5 — 2 minutda okaýarlar).
* * *
Haýal okamak çalt okamaklyga görä, gözüňi ýadadýar.
* * *
Adatça, haýal okanyňda 60 göterim düşünip bolýar, çalt okanyňda bolsa 80 göterim düşünmek mümkindir.
* * *
Bir sagadyň dowamynda gözümiz okaýan tekstimizde 57 minutlap saklanýar. Galan 3 minutynda bolsa, dynç alýar.
* * *
Ilkinji kitaby çap eden adam Iogann Gutenbergdir. Ol 1440-njy ýylda ilkinji kitaby çap etmek bilen diňe bir Ýewropada däl, eýsem, tutuş dünýäde çaphana işine badalga berdi.
* * *
Italiýanyň meşhur suratkeşi Leonarda da Winçiniň golýazmasyndan ybarat bolan «Lesteriň (Beýik Britaniýanyň gadymy şäheri) kanunlar ýygyndysy» dünýäde iň gymmat bahaly kitap hasaplanylýar. Ol, esasan hem, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin alnyp barylmaly işler barada ýazypdyr. Häzirki wagtda bu kitap Amerikanyň meşhur işewür adamy Bill Geýtsiň eýeçiligine degişlidir.
* * *
A.P.Çehowyň «Hameleon» kitaby iň kiçi kitap hökmünde Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Onuň göwrümi 0,9 mm barabardyr.
* * *
Psihologlaryň aýtmagyna görä, gowy ýazylan kitaplary okap, özümiz hem oňat gürlemegi endik edinýäris.
* * *
Agata Kristi dünýäniň iň meşhur ýazyjylarynyň biri hasaplanylýar. Onuň 78 sany eseri dünýäniň 44 diline terjime edilip, 2 milliona golaý kitaby satylypdyr.
* * *
Dünýäde iň uly göwrümli sözlük nemes diliniň sözlügi hasaplanylýar. Onuň awtory doganlar Ýakob we Wilgelm Grimmdir. Sözlük 33 kitapdan we 33519 sahypadan ybaratdyr.
* * *
Bi-bi-si Britan umumymilli jemgyýetçilik teleradioýaýlymlar guramasynyň geçiren barlag işlerine laýyklykda, köp sanly kitaplaryň awtory Çarlz Darwin «100 beýik adamlaryň» sanawynda dördünji orny eýeledi.
* * *
Alym Jozef Addisonyň aýtmagyna görä, fiziki maşklar bedeni taplaýan bolsa, kitap aňyňy kämilleşdirýän guraldyr.

©Gyzykly
21
962
Gülhan
26 Mart 2020
Kitaplar hakynda, Örän gowy maglumatlar eken?... Malades?
Селби
26 Mart 2020
Gaty gowy sheyle faktlary halayan yzy kop bolsun
Myhman Myhman
26 Mart 2020
gaty gowyy haladym gyzykly eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.