Şahyr
17.11.2019 22:11
Men seni söýyän

Dagdan ynam bilen düşdüm yzyna,
Daş dek ykraryma ömürlik uýýan.
Iller näme diýse diýibersinler,
Meniňki şol bir söz: - Men seni söýýän.

Söýmek hem söýülmek ýüregiň derdi,
Hersi bolup biler bu juwanlykda.
Kimmişin ol meni söýeňok diýip,
Seni aýyplajak biwepalykda.

Ýöne rastyň diýmän gizlenseň eger,
Gutulyp bilersiň. Öňünden duýýan.
Diýerin men saňa bir ýerden jyklap,
Meniňki şol bir söz: - Men seni söýýän.

Garaňky gijeler azaşsaň ýalňyz,
Menem gara gijä tutup ýüzümi.
Duýdurman öňüňden çykaryn birden
Hemem gaýtalaryn şol bir sözümi.

Meni söýseň iki ýürek birleşip,
Bir ýürek boljagyn öňünden duýýan
Eger-de söýmeseň… Söýmeseň söýme.
Meniňki şol bir söz: - Men seni söýýän.

Awtor: Halyl Kulyyew
6
192
Myhman
19 Noýabr 2019
???
Myhman
18 Noýabr 2019
daşşşş
Myhman
18 Noýabr 2019
???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.