yurekdesh
06.07.2023 19:02

Günäläp bilemok biwepalykda,

Eger şeyle bolsa meñ ayyp

Bu zatlara yalñyz özüm günäkär

Gezipdim özümi has belent sayyp.


Ilki dillenäymek añsadam däldi,

Añsat däldi açmak yürek syrymy

Buysanç diyen bir zat durup arada

Diñe şol gaplapdy juwan serimi.


Birdenem duymankam bagtly bir gözel

Ykbalyny ykbalyña baglady,

Ine şonda weli söyen yüregim

Ses-sedasyz zaryn çekıp aglady.


Ondan bäri yyllañ geçdi telimi,

Hersi yz galdyrdy yatdan cykmajak

Biri eltip bir yigide gowşursa

Biri peşgeş berdi akja bäbejik


Bu günem yylgyryañ şol oñküñ yaly

Yagdayym sorayañ goyman kössüni

Men weli begenyän duymayanyña

Buysançly yüregimiñ gürsüldisini.

22
57
yurekdesh
7 Iýul 2023
Yok men dal
okan
6 Iýul 2023
Gowy goşgy awtory sizmi 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.