atakulyyewa_humay
06.07.2023 12:44
Häzirki wagtda döwrümiziň iň uly howplaryndan biri bolan plastik galyndylara garşy täze çözgütler yzygiderli işlenip düzülýän hem bolsa, golaýda alymlar täze usulyň üstüni açdylar. Alymlar tebigata zyňlan plastmassany tebigy taýdan ýitip gitmegine sebäp bolup biljek uly açyş etdiler.

«Nature» žurnalynda çap edilen gözleglere görä, «balmumy gurçugy» tebigatdaky plastmassany tebigy taýdan ýok edilip biler. Alymlaryň pikiriçe, bu gurçuk görnüşlerinden tapylan käbir fermentler, köp plastmassa önümlerinde giňden ulanylýan «polietileniň» otag temperaturasynda birnäçe sagadyň içinde ýok edilmegini üpjün edýär. Torbalarda we gaplamalarda ulanylýan polietileni ýok etjek bu fermentler tötänleýin tapyldy. Bu gurçuklar plastik galyndylaryna goýulsa, olary deşik-deşik edip iýýär we tebigy taýdan ýok edýär.

Belläp geçsek, «balmumy gurçugy» plastmassany ýok edip bilýän ilkinji jandarlar hökmünde taryha girmedi. Alymlar 2016-njy ýylda Ýaponiýada poliesteri ýok edip bilýän bakteriýany tapypdylar şeýle hem 2021-nji ýylda ummanda we toprakda ýaşaýan we plastmassany siňdirmek üçin ösen käbir mikroblar we bakteriýalar ýüze çykaryldy.
23
130
sscc
7 Iýul 2023
@atakulyyewa_humay, seyle kop zatlara yonekey seredilyanligi ucin hytay nahar hanasyndan covid 19 cykdy we nace dowlete nace zyyan yetirdi atom stansiya Cernobl hem seyle yonekey dolandyrmaklygy esasynda nace adamlaryn pidasy we nace nesile zyyan berdi?
sscc
7 Iýul 2023
@atakulyyewa_humay, alymlar yada yorite isgarler tarapyndan kabul edilen tassyklanan duzgunlerini okan bolsan men bilen hem paylas bu yerde belki bizin caklamalarymyz duybunden yalnysdyram?men dineje kanuny tarapdan tassyklanan kabul edilen arassacylyk isleri bilen tanysasym geldi🙂
atakulyyewa_humay
7 Iýul 2023
@sscc, bu yerde gurcugyn wirus bn nãme baglanysygy bar, bu gurcuk adamlaryn yasalyan yerinden uzakda barlag edilyan bolsa, ahli saglygy gorayys duzgunleri berk berjay edilyan yerinde virus nirden gelsin
atakulyyewa_humay
7 Iýul 2023
@sscc, hökman arassacylyk duzgunleri diyilende ona alymlar jogap bermeli diyen zat yok, oňa jogap beryan yorite edaralar bar, mysal üçin gurcuk barlag hanada diyeli, sen şonuň galyndysyny akidip das towerege ya bolmasa akidip denze yada okeana tasalamaly dãl in yonekey mysaly şu
sscc
7 Iýul 2023
@atakulyyewa_humay, dogry amatly yone isci yerlerini azaltmaklygy goz onune tutyp virus cykmak hovpynyn barlygyny gozden salyalar?dogrymy?
sscc
7 Iýul 2023
@atakulyyewa_humay, alymlaryn sol yerine yetiryan arassacylyk duz gunlerini bize yetirip bilsen hasda gyzykly boljak?eger sol tarapyny okamasak son basdaky beren soraglarymyn doremegine getirya?🙂
atakulyyewa_humay
7 Iýul 2023
@sscc, plastic zynyndylary coplap akidip dasandan gurcuklary getirenin amatly dusyar, onam alymlar göz öňüne tutdular
atakulyyewa_humay
7 Iýul 2023
@sscc, beyle zat ýok alymlar ãhli zady göz öňüne tutup edyarler. Arassacylyk duzgunlerini, Adamzat jemgyýetinin saglygyny we s.m
sscc
7 Iýul 2023
@atakulyyewa_humay, onda adamlar plastik zynyndylary coplap yorite bu gurcuklaryn bolyan yerine alyp barmalyda dogrymy?eger seyle bolsa sol yere alyp baryan adamlar hem ucin ayratyn oba gursalar govy bolar belkide solaryn birine mikrop gecip biler we edil covid 19 yaly virus yayrasa name?
atakulyyewa_humay
6 Iýul 2023
@sscc, bular ýaly gurcuklar ayratyn saklanylyar, adamzat jemgyýetine zyyan bermez ýaly, ãhli zatlary göz öňüne tutulyar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.