Tebigat ylymlarynyñ ösmegi bilen Adam atanyñ döremegi baradaky ylym pikirleri peýda bolup başlady. Fransuz alymy J. Lamark Adamyñ döremegini umumy manyda ilkinji bolup düşündürdi. Onuñ sözlerine görä, Adam agaçlarda ýaşamakdan, ýere ýöremek üçin maýmyn ýaly ata-babalardan gelip çykypdyr.
Iñlis alymy Ç.Darwin adamyñ ýüze çykmagy meselesini ewolyusiya nukdayanazaryndan düşündirdi we Adam bilen maýmynlaryñ köpden bäri umumy atasynyñ bardygyny görkezdi. Onuñ pikiriçe, antropogenezde biologiki faktorlar, ýagny diri galmak üçin göreş, genetiki üýtgeşiklik we tebigy seçim hem ulanylýar. Şeyle-de bolsa, alymlaryñ köpisiniñ pikirini görä, antropogenezde esasanam soñky döwürlerinde sosial faktorlar (jemgyýetçilik durmuşy, jemgyýetçilik işi) biologiki faktorlar bilen birlikde möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Adamyñ ewolýusiýasynda dik ýöremek aýgytly ähmiýete eye, sebäbi dik ýöremegiñ netijesinde eller goldow rolunda azat edilip, gurallary ýasaýan we ulanýan organa öwrüldi. Zähmet gurallarynyñ peýda bolmagy adamyñ pikirini giñeltdi we tebigata garaşlylygyny azaltdy. Zähmet işjeñliginiñ ösmegi bilen antropogenezde biologiki faktorlañ täsiri azaldy we sosial faktorlañ ähmiýeti ýokarlandy.