atakulyyewa_humay
05.07.2023 10:43
Gözel tebigatymyzyň aýrylmaz bölegi hem bezegi bolan guşlar dünýäsi diýseň köpdürlidir. Guşlar diňe bir özüniň daşky ajaýyplygy bilen tebigatyň bezegi bolman, eýsem olaryň özboluşly sesleri-de aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Aslynda, guşlar aýdym aýdýarmyka?

Guşlaryň bu aýratynlygyny anyklamak boýunça ençeme barlaglar geçirildi. Guşlary öwrenýän alymlaryň halkara hyzmatdaşlygy Awstraliýanyň dürli sebitlerinde ýaşaýan guşlarda gözlegleri alyp barmak bilen, gözlegiň netijesinde guşlaryň bu aýratynlygynyň ritmiki wagt bilen baglydygyny ýüze çykardylar. Sidneý saz konserwatoriýasynyň gözleg işgäri H.Teýlor şeýle derňewi Kaliforniýa uniwersitetiniň hünärmenleri bilen bilelikde geçirdi. Käbir guşlar jübütleşme döwründe, käbiri bolsa günüň belli bir wagtynda dürli sesleri goýberýärler.

Guşlaryň sesi saz eserlerinde..

Guşlaryň şeýle haýran galdyryjy sesleri ençeme sazandalaryň, kompozitorlaryň hem ünsüni çekýär. Guşlaryň sesini açyp görkezýän köp sanly saz eserleri hem bar. Guşlaryň her bir görnüşi özboluşly intonasiýany, belli bir ritmi öz içine alýan sesleri goýberýär. Dürli ýurtlaryň aýdym-saz wekilleri öz eserlerinde, kompozisiýalarynda guşlaryň bu aýratynlygyny peýdalanýarlar. Geçen asyryň ortalarynda ýaşan rus kompozitory E.W.Denisowyň «Birdsong» atly eserinde hem tokaý guşlarynyň ajaýyp sesleri şöhlelendirilýär. Meşhur kompozitoryň bu eserinde tebigatyň janly sesleri bilen saz gurallarynyň arasynda üýtgeşik sfera emele gelýär. 1972-nji ýylda meşhur kompozitor E.Rautawara dürli guşlaryň sesleri bilen orkestriň sazlaşykly owazy döredýän ajaýyp saz eseri bolan «Cantus Arcticus» atly eseri döretdi.

Janly tebigatyň bezegi bolan guşlaryň şeýle ajaýyp aýdym-saza çalymdaş sesleri her bir döredijilik adamlaryny täze-täze saz eserlerini döretmäge höweslendirýär.
23
307
madagaskar
11 Iýul 2023
@Myhman Myhman, dogruda walla
3475
9 Iýul 2023
Елветде гушлар айдым айтя оларын журкулдиси айдым болуп янланя
gurat
8 Iýul 2023
Olan aydym aytmakdan basga isi yokmay
aynasha
6 Iýul 2023
Nahili bolsada kawir guslaryn sesi seylewir eyjejik cykya
armando
6 Iýul 2023
Aydym aytmaya olaryn geplesigi bize seyle esidilya
Myhman Myhman
6 Iýul 2023
Men ucina oz ozleri dusunsyan jurkuldileri bar aydymam aytyalar gerek yeri gelse kust hem depyalermika diyyan toy zat bolsa
miki
6 Iýul 2023
Howwa aytya mm🌿🌺
lavinya_
6 Iýul 2023
Men pikirimce aytyamyka diyyan sebabı guslaryn sadyyan bolup uçyan wagtlary sesi uytgesik cykya ursyan wagtlaram gaharly ikisinem kan estyan
atakulyyewa_humay
5 Iýul 2023
@gurat, senä oňaraýdyň 🙊 ýokarda aýdylyp geçildä?!
gurat
5 Iýul 2023
Guslar aydym aytyamyka
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.