Bitter
03.07.2023 22:06
«Çözgüdi beyan etmek nesihatly hekayat

Ayazly günlerin birinde doñan kölde iki sany çaga ayaklary konkili typyp oynap yören ekenler. Birdenkä buz döwülyär-de, oglanjyklaryň biri buzun yüzünde emele gelen oyuga yykylýar ol sol wagtyn özünde buz astyna çekilýär. Beýleki oglanjyk özüni yitirmeýär, eline daş alyar-da, bar güýji bilen buzy urup başlayar, ony döwüm-döwüm edýär we şeydip dostuny cykarýar.

Haçan-da, halas edijiler gelip, bolan wakany görenlerinde, olar:

-Sen muny nähili etdin? Bu yerinin buzy gaty galyn, ony bujagaz das
we senin kindiwan elin bilen döwmek mümkin dal ahbetin diýýärler.
Sol wagt olaryň ýanyna bir goja gelyär we yylgyryar-da:

- Muny oglanjygyn nähili edenini men bilýärin diýýär.

-Nähili? diýip, olar gojadan sorayarlar.

- Sol pursat muny etmegin mümkin däldigini aýdaýjak adam onun yanynda ýok eken.

Eynşteynin aydan bir sözi bar. Eger-de haýsyda bolsa bir zady göz önüne getirip bilyan bolsan, onda ony yerine yetirip hem bilersin
67
387
piri
4 Iýul 2023
Eger buz dowilmez yaly galynlykdaky buz bolsa cagajyk buzyn ysagynda galmazdy cagany gyssaman sony pikir etmeli ekenler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.