atashka_007
03.07.2023 14:18

Çyzykly melotriýa – hyýar bilen garpyzyň çaknyşdyrylmagy netijesinde emele getirilen gibrid. Ylmy ady – Melothria scabra. Dünýä ýurtlarynda ol “cucamelon” ady bilen tanalýar, ýagny iňlis dilindäki “cucumber-hyýar” hem-de “watermelon-garpyz” diýen iki sözden gelip çykan. Onuň daşy garpyza, içi bolsa hyýara meňzeş bolup, özboluşlylygy bilen görenleri haýran edýär. Dadyp görlende tagamy hyýar bilen garpyzyň ikisiniň-de tagamyny ýatladýar, emma biraz turşumtyk tagamy-da bar.


Meksikada oňa meksikan turşy hyýary hem diýilýär. Melotriýa esasan Merkezi hem-de Günorta Amerikada köpçülikleýin ösdürilýär. Ilkinji gezek Meksikada, Merkezi Amerikada we Afrikada ýetişdirilip, soňra Ýewropa ýaýraýar. Ölçegi üzümiň ululygynda – 4 sm çenli bolýar. Daşky reňki garpyzyňky ýaly bolup, kiçijik garpyza çalym edýär, içi hem edil hyýaryňky ýalydyr. Adaty hyýar hem-de garpyz bilen deňeşdirilende ony ýetişdirmek hem aňsatdyr. Oňa az tehniki hyzmaty ýetirseň hem hasyl berýär. Gurakçylyga çydamly bolup, direg berlen ýagdaýynda dyrmaşyp ösýär.


Düzümi boýunça melotriýa ýaglara, uglewodlara, beloklara, magniý, demir, fosfor, natriý, kaliý, kalsiý ýaly minerallara, B9 we C witaminlerine baýdyr. Şeýle-de onuň düzüminde belli bir derejede süýüm hem toplanýar. Miwelerini yzygider iýmek ýürek-damar ulgamynyň kesellerine gowy täsir edýär, gan basyşyny dikeldýär, howply çiş keselleriniň hem öňüni almaga ýardam edýär, gandaky holesteriniň derejesini peseldýär. Ýöne miwesiniň kaloriýalylygy pes bolup, ol 15 kkal deňdir. Ýene bellemeli zatlaryň biri-de, ol örän peýdaly berhizlik iýmit bolup, artykmaç agramy azaltmaga kömek edýär. Ýöne aşgazan keselleri bolan adamlar ony iýmekden saklanmalydyrlar. Melotriýa ter görnüşinde, duza ýatyrylan görnüşinde, dürli işdäaçarlar taýýarlananda giňden peýdalanylýar.

20
187
cikolata
30 Iýul 2023
Enteresan
arzuvym_talyp
8 Iýul 2023
Gaty uytgeshikle bu surat garpyzyň heniz bishmedik novcajygy yaly birzatmyka?¿
280210
8 Iýul 2023
Hakykatdanam bamyka bun yaly zat?
atashka_007
4 Iýul 2023
SPS ☺️🇫🇷
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.