«Ogram özüni osar, orramsam»
Syrry-Sekaty hezretlerinden:
– Tagsyr, siz, heý-de, ýalňyşyp gördüňizmi? – diýip soraýarlar. Şonda Sekaty hezretleri bir ah urýar-da şeýle diýýär:
– Eý, doganlarym, doganlarym! Men şeýle bir ýalňyşlyk goýberdim welin, onuň ökünç ataşy otuz ýyldan bäri ýüregimi daglamak daglaýar. Her gezek ýadyma düşende ýüregim togtaýjak bolýar.
Möminler bilesigelijilik bilen: «O nähili ýalňyşlyk, o nähili ýalňyşlyk» boluşýarlar. Sekaty hezretleri gürrüň bermäge durýar:
– Otuz ýyl mundan öň Bagdatda uly ýangyn boldy. Şonda ot şäheriň bazaryna hem syçrady. O bazarda meniň hem dükanym bardy. Şol wagt men o jelagaýda däldim. Bazardaky meniňkiden öňňe her kimiň dükany ýanyp kül bolupdyr. Bu habar meniň gulagyma gelip ýetdi. Şonda begenjime «Älhamdulillah» diýäýipdirin. Birdenem beýleki mömin doganlarymyň haly aklyma geldi. Olary unudyp, diňe öz aladamy edýänime ýaman erbet boldum, utanjyma ýer ýarylmady, menem girip bilmedim. Derrew toba etdim. Dükanymdaky barymy-ýogumy garyp-gasarlara paýlap çykdym. Ýöne barybir şol bolşumdan ötri otuz ýyldyr ezýet çekýärin.
***
Başgalaryň derdine gynanmazlyk diňe özüňi söýmekdir. Başyňa bela-beter gelmäni üçin şükür etmek ýalňyş zat däl. Ýöne şu hili mertebedäki ynsanlar şony hem günä hasaplapdyrlar. Başgalar üçin halal bolup duran zady olar özüne haram kylypdyrlar. Onsoň olaryň semawy mertebesine ulaşmadyk, şu dünýäni duran ýerleri bolan gurruk düýbünden ybaratdyr öýdýän käbir kişiler nebsine uýup, «Olar hem biz ýaly ynsandyr-da, olaram ýalňyşýar» diýip, akyl satmagy hiç zatça görmeýärler. Şeýtan bilen egin-egne berip, olardan hem aýyp agtarýarlar.
Bir gep bilen aýtsak, «Ogram özüni osar, orramsam
KYSSAHAN