okayjy
01.07.2023 19:39

Ertir näm boljagym belli däl heniz ,

Garjaşan beýnimi agyrlyk basýar ,

Şükir ähli zadym ýerbe - ýer ýöne ,

Käteler şeýle bir yüregim gysýar .


Her sekuntda çyrşap gara kirşenin ,

Ýalanlar tiz - tizden gursagma busýar ,

Ýalnyzlyk derdine baglanan ýaly ,

Käteler şeýle bir yüregim gysýar .


Ençe meýillere hyýala berilip ,

Demir diyenlerim gidipdir poslap ,

Idegsiz ekin deý , güne serilip ,

Käteler şeýle bir yüregim gysýar .


Arzymy aýdara adam ýok ýaly ,

Elim sandyraýar , dilimem tussag ,

Tüpeñiñ nilinden çykan ok ýaly ,

Göwnümi nirädir bir yere gyssap ,

Bilmedim näme üçin sebäpsiz ýerden ,

Käteler şeýle bir yüregim gysýar ...


# B.Bejidow

85
246
sweetify
16 Iýul 2023
Suratdakyň yerine men bolsadymda
gymmat
3 Iýul 2023
👍
nicholas
3 Iýul 2023
Gowy goşgy
jeniii
3 Iýul 2023
👍
lavinya_
2 Iýul 2023
👍👍👍
sonia
2 Iýul 2023
👍👍👍👍👍
okan
2 Iýul 2023
👍👍👍😔
Akgyz💗
2 Iýul 2023
👍👍👍👍....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.