Deňiz «orhideýasy»
Gürrüň edilýän bu jandary ilkinji gezek göreniňde, ony adaty orhideýa güli däldir öýdüp pikir hem edip bolmaýar. Ýöne aslynda bu owadan «güller» – deňiz mollýuskalarydyr. Ylmy ady – Sagaminopteron ornatum. Bular Gastropteridae maşgalasynyň wekilleridir, olara iňlis dilinde «uçýan ganatly mollýuskalar» diýilýär. Olaryň gapdaldaky mantiýalarynda ganatlara meňzeýän etli ösüntgiler bar, ýagny oňa parapodiýa diýilýär.
Mollýuska olary tolkunlaýar we suwda ýokary galýar, ýöne köplenç suw düýbünde ýaşaýar. Gastropteridae maşgalasy 33 görnüşi öz içine alýar, olaryň hemmesi diýen ýaly soňky 60 ýylda ýazylyp beýan edildi. Ýaponiýanyň deňiz gastropodynyň öňdebaryjy gözlegçisi, malakolog Kikutaro Baba bu meselede aýratyn üstünlik gazandy. Ol 1964-nji ýylda Ýaponiýanyň Sagami aýlagynda bu «ganatly gülleri» tapan adam hasaplanýar. görnüşiň wekilleri açyk reňkli, ululygy birnäçe millimetr, iň ýokary ululygy 35 mm deň.
Reňkli kiçijik gysgyçly bu jandarlaryň aglaba bölegi Hindi-Ýuwaş umman tropiki ýerlerinde ýa-da ýanaşyk kenarlarynda ýaşaýar. Esasanam Ýuwaş umman we Hindi ummanlarynyň arasynda tropiki suwlarda ýerleşýän, deňiz biodürlüliginiň global merkezi hökmünde ykrar edilen merjen rifleridir.
Bularyň iýmitlenişi barada heniz az zat bilinýär. Şol bir wagtyň özünde, olaryň mantiýa boşlugynda organo-bromin birleşmeleriniň konsentrasiýasy toplanýar. Howp abananda mollýuskalar ýyrtyjylary ýok edýän bir bölejik maddalary bölüp çykarýarlar.
Bu mollýuskalar düýpgöter başga reňkde hem bolýar: S. psychedelicum wekilleri – açyk duýduryş reňkli, S. Nigropunctatum wekilleri – goýy reňkde bolýar. Olar bir wagtyň özünde germafroditlerdir. Bu deňiz jandarlary köplenç ownuk güllere meňzeýän hem bolsa, çylşyrymly gurluşy bilen tapawutlanýar. «Ganatly güller» suwasty dünýäsiniň özboluşly, täsin daşky şekili bilen, heniz jemgyýetçilige az tanyş bolan ýaşaýyş formasy bilen bellidir.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň talyby.