atakulyyewa_humay
29.06.2023 16:40
Häzirki wagtda durmuşymyzda gündelik ulanylýan kanselýar serişdesi bolan «stepler» Fransiýada döräpdir. Ilkinji stepler XVIII asyrda Fransiýanyň koroly Lýudowik XV üçin niýetlenip ýasalýar. Fransuz koroly Lýudowik XV stepleri ilkinji bolup ulanan adam hasaplanýar. Stepler diňe şa köşgünde bolupdyr. Ýöne XIX asyrda kagyzyň giňden ulanylyp başlamagy bilen, diňe şalar, hökümdarlar üçin däl eýsem her bir edaralarda hem gerekli zada öwrülipdir.

1867-nji ýylda Jorj Makgil kagyzlary baglamak üçin ýasan berkidijisi üçin tassyknama alýar. «Stepler» sözi 1909-njy ýylda ulanyşa girizilýär. Şol wagta çenli ony «berkidiji» diýip atlandyrypdyrlar. 1914-nji ýylda bu kanselýariýa enjamy ABŞ-nyň birnäçe şereketinde peýda bolýar. Şonda oňa «stepler» diýen ady berlipdir. 500 adamdan ybarat bolan iş edaralaryna bir stepler ýeterlik hasaplanypdyr. 1923 -nji ýylda «Boston Wire Sticher Co» şereketiniň öndüren stepleri ýönekeýligi bilen tapawutlanypdyr we uly meşhurlyga eýe bolupdyr.

Häzirki wagtda stepleriň ululy-kiçili dürli görnüşleri bardyr. Onuň iň ululary 250 sahypany berkitmäge niýetlenendir. Kanselýar enjamy bolan «stepler» häzirki wagtda dünýäniň islendik künjeginde hem amatly we elýeter bahadan satylýar.
33
218
madagaskar
2 Iýul 2023
Shemsat meselem yene nameleri
wiki
1 Iýul 2023
👍
nuro
30 Iýun 2023
❤️
mehirli
30 Iýun 2023
👍👍👍👍
shemshat
30 Iýun 2023
Meñ iñ köp ulanýan zadym. Diñe kagyz däl başga zatlary berkitmekdede stepleri ulanýan
sscc
30 Iýun 2023
Like 👍👍👍koprak maglumatlara garasyan?
gunjagaz
29 Iýun 2023
Stapler gundelik ulanyan zadymyz
Myhman Myhman
29 Iýun 2023
۝人ᗒ⁠✧ Mugallym gaharlananda zyňýanzady😄👍 ✧ᗕ人۝
ilye
29 Iýun 2023
Köp paýlaş täsin maglumatlaryň
ilye
29 Iýun 2023
Malades
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.