senorita
29.06.2023 11:21
🔹 Futbol tomaşaçylaryň aýratyn köpçüligini özüne çekýän oýun görnüşidir. Demirgazyk Koreýanyň paýtagty Phenýandaky Birinji Maý stadiony dünýäde iň uly futbol toplumy hasap edilýär. Ol özüne 150 müň adamy jemläp bilýär.

🔹 Hindistanyň Kalkutta şäherinde 1984-nji ýylda gurlan Hindi ýaşlarynyň stadionyna 120 müň adam ýerleşýär.

🔹 Şeýle köp adamy özünde jemleýän uly stadionlaryň ýene-de biri Meksikanyň paýtagty Mehikoda ýerleşýär. 105 müň 64 adamy özünde ýerleşdirip bilýän Asteka stadiony futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň birnäçesini kabul etdi.

🔹 Angliýadaky «Uembli» futbol stadionynda türgenleşikleri geçirmek gadagandyr. Ol diňe futbol duşuşyklary üçin açyk.

🔹 Futbol taryhynda iň çalt pökgi 1995-nji ýylda «Adelaýda Siti» bilen «Sidneý United» toparlarynyň arasynda geçirilen oýunda tora girizildi. Oýun başlandan 3,67 sekunt soň, Adelaýda Siti» toparynyň awstraliýaly oýunçysy Damien Mori topy garşydaşyň pökgüsine geçirdi.

🔹 1950-nji ýyllaryň ahyrynda «Ýurgorden» ýaşlar toparynyň derwezeçisi tarapyndan täsin rekord goýuldy. Ol toparynyň 18:0 hasabynda ýeňiş gazanan oýnunda hiç-hili topa degmedi. Oýunda toparyň goragçysy iki gezek topy yzyna gaýtarypdyr.

🔹 1960-njy ýyllaryň ortalaryna çenli futbol duşuşyklarynda oýunçy çalyşygyny geçirmek gadagan eken. Eger derwezeçi şikes alsa, onuň ornuny meýdançadaky oýunçylardan biri eýeläpdir.

🔹 «Ýüzýyllygyň iň gowy goly» diýlip atlandyrylan pökgüni 1986-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatynda Argentina bilen Angliýanyň milli ýygyndylarynyň duşuşygynyň 54-nji minutynda Diego Maradona tora girizdi. Ol şonda meýdançanyň ýarty böleginden hüjüme okdurylyp, 6 oýunçyny hem-de derwezebany geçip hasaby açmagy başardy.

🔹 Ilkinji jerime urgusy Irlandiýanyň futbol ligasynda hasaba alnypdyr.

🔹 1969-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň pleý-off oýunlarynyň saýlama tapgyrynda Gondurasyň milli futbol ýygyndysynyň Salwadoryň milli ýygyndysyndan asgyn gelmegi bu iki ýurduň arasynda 6 günlük harby hereketleriň başlanmagyna sebäp bolupdyr.

🔹 11 metrlik jerime urgusy irlandiýaly futbol eksperti Jon Penaltiniň hormatyna dakylypdyr. Ol 1891-nji ýylda jerime urgusyny oýna girizmegi hödürläpdir.

🔹 Russiýaly meşhur derwezeban Lew Ýaşin diňe futbol derwezebany däl, eýsem, hokkeý derwezebany hem bolupdyr. 1953-nji ýylda ol topary bilen hokkeý boýunça SSSR-iň kubogyna we ýurduň çempionatynyň bürünç medalyny gazanypdyr. Muňa garamazdan ol futboly saýlap, taryhda öçmejek yz galdyrmagy başardy.


📌
1-nji surat — Phenýandaky Birinji Maý stadiony;

2-nji surat — Hindi ýaşlarynyñ stadiony;

3-nji surat — Angliýadaky «Wembley» stadiony.
42
254
jdidar
6 Iýul 2023
👌👌👌❤️
senorita
3 Iýul 2023
@sscc, 👍😊
senorita
3 Iýul 2023
@2511, sizede minnetdar!
2511
2 Iýul 2023
Minnetdar gowy gyzykly maglumatlar bar
sscc
30 Iýun 2023
Yekeje altyn top alan legenda derwezaban Lew Yasin🙂
senorita
29 Iýun 2023
@Serwi, @king_tm, Sag boluñ 🤗
senorita
29 Iýun 2023
@garajaoglan, dũşnũkli )
king_tm
29 Iýun 2023
👍👌
garajaoglan
29 Iýun 2023
@senorita, doglan ýeri Braziliýa, ýaşaýan ýeri köpümiziň ýüregimiz
senorita
29 Iýun 2023
@garajaoglan, Brazilýadanmy?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.