atakulyyewa_humay
28.06.2023 00:09
Monarhiýa – bu döwlet dolandyryş formasynyň bir görnüşi bolup, baştutany öz wezipesine nesilden-nesle ýa-da ömürlik geçirýän görnüşine aýdylýar. Dünýä ýüzünde monarhiýa döwletleriniň sany köp, ýagny dünýä ýurtlarynyň 1/6 bölegini monarhiýa döwletleri tutýar. Mysal üçin, Beýik Britaniýa, Italiýa, Ispaniýa Ýaponiýa, Taýland we başga-da birnäçe döwletler girýär. Köplenç monarhiýa döwletlerinde monarh döwlet baştutany bolup durýan hem bolsa, ol hakykat ýüzünde ýurdy dolandyrmaýar. Ýokarky häkimiýet döwletiň ýokary edaralaryna, parlamente, hökümet, maşgala geňeşine, ýokary dini adamlara degişli bolup durýar.

Monarhiýa döwletlerinde monarhyň öz tagtyny nesilden-nesle geçirmekligiň birnäçe görnüşleri bardyr. Olar:

1) Saliçeskaýa – diňe erkekler tagty neslinden-nesline geçirýär, ýagny diňe erkekler mirasdüşer bolup bilýär (Belgiýa, Norwegiýa, Ýaponiýada);

2) Kastiliýa – Eger ogly ýok bolan ýagdaýynda gyzlaram tagtyň eýesi bolup bilýärler (Daniýada, Ispaniýada, Beýik Britaniýada);

3) Awstriýskaýa – Eger-de tutuş neberesinde erkek göbekli ýok bolanda gyzlar patyşa bolup bilýärler.

4) Şwediskaýa – Aýallaram erkekler bilen bile deňhukukly mirasdüşer bolup bilýärler. (Şwesiýada).

5) Musulman görnüşi - (Katarda, Kuweýtde, Saud Arabystanda) Nesilşalygyň özi kimiň Korol bolmalydygyny özbaşdak kesgitleýär.

6) Taýpalaýyn görnüşi – bolanda taýpa maslahaty birnäçe mirasdüşer ogullarynyň içinden birini saýlaýar.

Monarhiýanyň birnäçe görnüşleri bar:

1) Absolýut monarhiýa;
2) Otnositel görnüşi bar (dualistik, parlamentar);

Monarhiýanyň ýene bir görnüşi dualistik monarhiýa. Dualistik monarhiýada parlament konstitusiýada doly hereket edýär. Ýöne şeýle-de bolsa hökümet monarh tarapyndan bellenilýär we diňe şonuň öňünde jogapkär.

Parlamentar monarhiýa – parlamentar monarhiýada demokratik ýol bilen kabul edilen konstitusiýa halk tarapyndan saýlanylýan parlament hereket edýär. Monarh ýuridiki taýdan döwlet baştutany bolup galýar. Ýöne hakykat ýüzünde döwleti parlament dolandyrýar. Parlament monarhiýa döwletlerinde hökümet diňe parlamentiň öňünde jogapkär bolup durýar.

Konstitusion monarhiýa döwletlerinde monarhyň ygtyýarlyklary gös-göni ýazylyp bellenilýär.
14
96
M....
3 Awgust 2023
Ceşme: Dasary yurtlaryñ konstitusiýa hukygy kitaby. B. O. Motyýewnanyñky
pbb8
28 Iýun 2023
@atakulyyewa_humay, Siz shunça maglumat paýlaşýsñyz ýone Iñ meşhurlar ýa-da ýyldyzlar diýen agzalaryñ arasynda ýoksyñyz
pbb8
28 Iýun 2023
Dogry jogap!
atakulyyewa_humay
28 Iýun 2023
@pbb8, jemi 30 sany (Aziyada 13, Ýewropada 12, Afrikada 3, Okeaniyada 2)
pbb8
28 Iýun 2023
Gowy maglumatlar. Dünýäde häzirki wagtda 30 sany monarhiýa ýurt bar ( kabir maglumatlarda 29 sany ).
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.