atakulyyewa_humay
27.06.2023 14:20

Fobiýa, gorky-munuň alamaty, manysyz gözegçiliksiz gorky ýa-da käbir ýagdaýlarda gereksiz aladanyň dowamly bolmagydyr.Dünýädäki her bir adamyň öz içindäki gorkulary bardyr. Şol gorkulara çenden aşa üns bermek hem gowulyga getirmeýänini hemmämiz bilýäris.Fobiýanyň dürli görnüşleri bar.Bu güne çenli olaryň 40 müňe golaý görnüşi bellidir. Olardan käbirlerine seredip geçeliň:

Agorafobiýa – açyk ýerlerden gorkmak;

Antrofobiýa –adamlardan, adam köplüginden gorkmak;

Gipsofobiýa –beýiklikden gorkmak;

Monofobiýa –ýekelikden gorkmak;

Skoptofobiýa – özüňe üns çekmekden gorkmak;

Arahnofobiýa –möýden gorkmak;

Geliofobiýa –günden, gün ýagtysyndan gorkmak;

Akwafobiýa –suwdan gorkmak;

Filofobiýa –söýmekden gormak;

Bu gorkularyň doly sanawyndan uzak bolsa-da, fobiýalaryň nämedigi eýýam şu ýerden görüp bilersiňiz. Olar geň we gülkünç,adaty däl, haýran galdyryjy we aljyraňňylyga sebäp bolýar. Şeýle-de bolsa, bu “jadygöýlige” eýe bolanlar olara çynlakaý çemeleşýärler: ýagyşdan gorkýarlar, kitap görenlerinde solgun ýagdaýda bolýarlar.

Fobiýanyň şertli refleksdigine düşünmek möhümdir. Täze emosional we özüňi alyp baryş jogaplaryny özleşdirmek bilen bozulyp bilýän endikdir.

26
369
abadova
3 Iýul 2023
Hersinden azajyk
guga_real199x
3 Iýul 2023
Relax dogry aydyanyz hemme zadyn ady bar bu wagt 😎
guga_real199x
3 Iýul 2023
Gowy Faktlar
runia
2 Iýul 2023
Arahnofobiýa eken. Sagbol👍🏻
Myhman Myhman
28 Iýun 2023
Men beyikden möyden yekelikden gunden gorkyan namucun
ahgg
28 Iýun 2023
Tasin 👍
durdane
27 Iýun 2023
Barlagçydan gorkmak nam bolýa onda 😄
Lilia_
27 Iýun 2023
@garajaoglan, dadefobiýa bolaymasa))
garajaoglan
27 Iýun 2023
Dädeňden gorkmak nämekä))
Lilia_
27 Iýun 2023
Men itden, syçandan, mör- möjeklerdem gorkýan. Post gyzykly👍👏👌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.