Dostluk
Bergä batan adamlaryň biri gurply ýaşaýan dostunyň gapysyny kakypdyr. «Pylan kişä şunça mukdarda bergim bar. Üzlüşmäge kömek etmeseň, teý ýagdaýym ýok>>
diýipdir. Dosty öyüne giripdir we diýlen mukdardaky puly yoldaşyna uzadypdyr. Muny yzyna gaýtarmagyň hökman
däldigini, öz çagalarynyň aladasy bilen bolmagyny hem ýaňzydypdyr. Dosty hoşallyk bildirip, yzyna dolanypdyr.
Barjamly adam öyüne giripdir we uly sesi bilen möňňürip, aglamaga başlapdyr. Aýaly adamsyny köşeşdirmäge çalşypdyr
<<< Dostuma beren puluma birjik-de gynanamok, ýöne şu günlere düşmezinden öň näme üçin onuň halyndan habar
almandygyma ökünýärin. Şonuň üçin aglaýaryn>> diýipdir.
"Halallyk kyssalary"