atakulyyewa_humay
24.06.2023 02:40
Hor çekmek- adamlar köpçüliginiň arasynda giň ýaýran meseledir.Köpçülik adamlar biri bilen uky ýoldaşy bolmazyndan öň hor çekýänini bilmeýärler.Elbetde güýçli hor çekmeklik ýanyňdakylara rahat uky almaklyga päsgel döredýändir.Hor çekmäge garşy göreşmekde birnäçe maslahatlary size ýetirmekligi makul bildik.

Lukmanlar köpçüliginiň aýtmagyna görä hor çekýän adamlaryň 75%-de dem alyşyň bozulmagy , ýagny gysga wagt dowamynda dem alyşyň togtamaklygyna syn edilýär.Bu bolsa ýürek keselleriniň döremek howpuna-da başlangyç bolup bilýär.Zyýansyz ýaly duýulýan bu endikden aýrylmak üçin şu aşakdaky amallary ýerine ýetirmeli.

-Gapdal tarapa seredip ýatmak.

Ýatan wagtymyz diliň esasy we ýumşak bölegi yzky kentlewüge degip owaz çykarýar.Gapdal tarapa seredip ýatmaklyk bolsa sesiň ýüze çykmagyna päsgelçilik döredýär.Şonuň üçin gapdal tarapa seredip ýatmaklyk, hor çekmezlige gowy ýardam eder.

-Ýene-de bir usuly egin ýa-da biliň golaýynda tennis topuny goýyp ýatmak.

Bu hem bellibir derejede gapdal tarapa seredip uklamaklyga kömek edýär we ony endige öwürýär.Bu usul uklaýan wagtymyz bilmezden ýene öňki ýagdaýda arkan ýatmaklygyň öňüni alyp bilýär.

-Sport bilen meşgullanmaklyk.

Sport bilen meşgullanýan adam sagdyn berk bedenli kadaly agramda bolýar.Adamyň agramy artanda bolsa damagyň diametri kiçelýändir,bu bolsa hor çekmeklige eltip bilýändir.Emma agramyňy azaltmaklyk hem, bütinleý diýen ýaly bu endikden halas edip bilmeýär.Çünki hor adamlaryň arasynda-da, hor çekýänleriň sany ýokary hasaplanýandyr.

-Spirtli içgilerden daşda durmak.

Spirtli içgiler bokurdagyň arka ýüzündäki myşsalaryň işjeňligini peseltýändir, şonuň üçin hat-da hor çekmeýänler hem spirtli içgileri içenden soň, bu ýagdaýa düşüp bilýändirler.

-Täze ýassykda uklamak

Maglumatlara görä her alty aýda bir gezek ýassygy çalyşyp durmaklyk maslahat berilýär.Şeýle-de ýassygymyzy 3-4 günden ýuwup arassalap durmalydyrys.Arassalamadyk ýassykda tozan toplanyp, allergiki resksiýalara we hor çekmeklige getirip bilýändir.

-Gündizine kadaly möçberde suw içmeklik.

Burun we kentlewügiň ýumşak bölegi adam suwsanynda şepbeşikleşýär.Bu bolsa hor çekmegi güýçlendirýär.Emma bu ýatmazdan öň ýa-da hor çekýän mahalynda turup, 1 stakan suw içmeli diýene gelmeýär.Onuň ýaly ýagdaýda adam gijäniň dowamynda birnäçe gezek ukudan oýanmaly bolýar, ukusy birahat bolýar.Şonuň üçin günüň dowamynda suw balansyny seljerip durmaly we güýçli suwsamaklygyň öňüni almalydyrys.
29
192
okyjy dz
24 Iýun 2023
Araňyzda gülki ýassygy bolasym gelenok
okyjy dz
24 Iýun 2023
@durdane, aýtsam gülersiň
durdane
24 Iýun 2023
@okyjy dz, name boldy aýdaý indi 😁
okyjy dz
24 Iýun 2023
Dek düýnün özünde gülkünç waka boldy hor çekmek bn bagly🤭
lola
24 Iýun 2023
Diysen gerekli we peydaly maslahat kop sag bolun
king_tm
24 Iýun 2023
Meň ýanymdada gaty giňden ýaýran şol arkan ýatdygy başlaýa çala yralasaň goýýa ýone,
gulnurtm
24 Iýun 2023
Hor cekip duys goryan ynsan 😌
dowletmyrat1990
24 Iýun 2023
@myhman, Aý sagja bolaaa 🤣👍
ilye
24 Iýun 2023
Sag bol gyzykly maglumatlar üçin
blue_sky
24 Iýun 2023
Eger öýüňizde biri hor çekýän bolsa ýanyna baryp burnyny ýapsaň hor çekmesi aýyrylýandyr peýdaly maslahat👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.