Günlerde bir gün Ependi Konýada [Konýa – Türkiýedäki bir şäher.] bazarda gezip ýörkä, bir halwaçynyň
dükanyna gabat gelipdir. Halwaçy dükanyny açyp, halwalary dükanyň öňüne çykaryp
goýupdyr. Ependi «Bismilla!» diýip, elini uzadyp, halwadan iýmäge başlapdyr.
Muny gören halwaçy:
– Eý, nadan! Näme üçin meniň halwamdan iýýärsiň? – diýipdir.
Ependi oňa jogap bermän, halwadan iýmegini dowam etdiripdir. Halwaçy gazaba
münüp, Ependini ýençmäge başlapdyr.
Ependi urgynyň zarbyna çydaman, derrew başyny galdyrypdyr-da:
– Eý-weý! Konýanyň adamlary, gör, nähili ajaýyp eken. Olar halwany ura-ura zor
bilen iýdirýärler – diýipdir.