Lilia_
23.06.2023 06:42
Ulaglar barada täsin maglumatlar


Bir at güýji diýip 75 kilogramlyk ýüki 1 sekuntda 1 metr hereket etdirip bilýän güýje aýdylýar.

Geçirilen barlaglara görä, köpçülikleýin ulaglardan peýdalanýan adamlar şahsy ulaglaryndan peýdalanýanlara garanyňda, ortaça, 2,25 kilogram hor bolýan eken.

1900-nji ýylda awtoulaglaryň 38 göterimi elektrik energiýasy, 40 göterimi bug, 22 göterimi bolsa benzin bilen işleýän eken.

Nemes inženerleri düşünje bilen hereket edýän «Brain Driver» atly ulagy oýlap tapypdyrlar. Ol beýniden gelýän elektrik signallaryny kabul edýän 16 sany sensordan ybarat bolan kellä geýilýän enjam arkaly dolandyrylýar.

Zeminiň ilkinji awtoulagyny 1668-nji ýylda ýewropaly Ferdinand Werbist oýlap tapypdyr. Onuň ulagy 2 metr uzynlykda bolup, bug bilen işleýän eken.

«Toyota» dünýäniň iň köp awtoulag öndürýän kärhanasydyr. Onda her gün, takmynan, 13 müňden gowrak awtoulag öndürilýär. Munuň tersine «Ferrari» kärhanasynda bir günüň dowamynda aňry gitse 14 awtoulag ýasalýar.

«Rolls-Royce» haryt nyşany bilen öndürilen awtoulaglaryň 75 göterimini heniz-henizlerem ýollarda görmek bolýar.

Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.

Zemindäki iň gymmat awtoulag bahasy 4,8 million amerikan dollaryna barabar bolan «Koenigsegg CCXR Trevita» ulagydyr. Almaz bilen gaplanan bu ulagdan dünýäde bary-ýogy 3 sanysy bar.

Häzirki wagta çenli dünýäde iň köp satylan ulag «Toyota Corolladyr». Ol 2009-njy ýyldan bäri 30 milliondan hem köp satylypdyr. Munuň özi dünýäde her 40 sekuntda bir «Toyota Corollanyň» satylýandygyny aňladýar.

Ýer ýüzünde köçede hereket edýän iň pes ulag bary-ýogy 48,26 santimetr beýiklikdäki «Flatmobile» ulagydyr.

Iň agyr limuzin 22 müň 679 kilogramdyr. 3 salony we 1 bary bolan bu limuzin 40 ýolagçyny özüne ýerleşdirip bilýär.

Bir awtoulag, takmynan, 30 müň bölekden ybarat bolup, olaryň 80 göterimi gaýtadan ulanmak mümkin bolan önümlerden durýar.

Häzirki wagtda dünýäde 1 milliarddan hem köp awtoulag bar. Olaryň 300 milliondan gowragy ABŞ-da hereket edýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Maksat ASTANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby.
80
202
wolfff
23 Iýun 2023
@durdane, hehe sañada öwredeýinmi masyn surmani😁 soñam @arzuv_shayymovanam alyp 3 bolup aýlanarsda 😎
Lilia_
23 Iýun 2023
@wolfff, hehe bolýa gowydygny 😁😂
wolfff
23 Iýun 2023
@arzuv_shayymova, davay goşulşyp masyn alaly menem yene 6 ay gowrakdan prawa alyp bilyan 😁
Lilia_
23 Iýun 2023
Gelin alyjyda hasam gaty suryaler masyna adamlara zyyan berjek derejede. Rahatja gitse gowy eken😁😀
dowletmyrat1990
23 Iýun 2023
Gelinalyjyda wagtym okadym ynha şu wagt şu waglumatlary. Maşynym hasam rahatja gider indi 😉👍
Lilia_
23 Iýun 2023
@wolfff, Menem😑bizde gyzlara prawa lan berlenok gynansakda,:(
wolfff
23 Iýun 2023
Maşyn süresim gelýä meñem 😒
işan
23 Iýun 2023
Gowy maglumatlar 👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.