atakulyyewa_humay
23.06.2023 00:28
Aýnalar gadymyýetden bäri hemişe iň gyzykly ynançlaryň biri bolup gelýär. Hususan-da, aýnanyň döwülmegini betbagtlyk bilen baglanyşdyrýarlar. Bu yrym greklerden, esasanam rimlilerden gelip çykandyr diýlip çaklanylýar.

Gadymy grekler adamyň suwda şöhlelenmegini adamyň ruhuny ýüze çykarýar, döwlen aýna bolsa arassa ruhuň zaýalanmagyna sebäp bolýar diýip yrym edipdirler.

Gadymy rimliler bolsa polatdan ýasalan zatlary hudaýlaryň gurallary we ol gurallar bilen ruhlary synlaýarlar diýip yrym edipdirler.

Gadymyýetde aýna zeper ýetirmek şeýle bir hormatsyzlyk hasaplanypdyr. Aýnany döwmek we döwlen aýnada ýüz görmek betbagtlyk getirýär diýlip ynanylypdyr. Aradan ençeme ýyllaryň geçmegi bilen aýna önümçiligi köpelip, onuň döwülmegi hem ýygjamlaşypdyr. Şol sebäpli hem dini ynançlar hem täzelenipdir.

Üçünji asyrdan soň rimliler aşa köp döwlüp başlan aýnalaryň betbagtlyk getirjekdigine bolan ynançlaryny bes edip başlapdyrlar.
21
248
durdane
23 Iýun 2023
@dowletmyrat1990, teswir her kim pikirini ýazmak üçin berilýär, gülmek üçin däl
senorita
23 Iýun 2023
@dowletmyrat1990, bagyşlañ welin bu ýerde gũlkũnç zat ýokdy! (Her kimiñ õz pikiri, õz dũşũnjesi)
dowletmyrat1990
23 Iýun 2023
Ýas günleri aýna seredip bezenmek aýyp hasaplanýa başga ertekisi ýok oň 😄
dowletmyrat1990
23 Iýun 2023
Gülkiniç siziň pikir ýörermäňiz doganlar. Iki dünýäň geçelgesem däl, ruh bn bagly ýagdaýam ýok.
işan
23 Iýun 2023
Gowy maglumatlar 👍👍👍👍
durdane
23 Iýun 2023
Men soramda olen adamyn ruhy oýde 7 gün aýlanýar diýdiler Onun ruhy aýna düşmezligi üçinem aýna örtülýar diýdiler
senorita
23 Iýun 2023
Aslynda aýna iki dũnýãñ arasyndaky geçelge hem diýýãler
durdane
23 Iýun 2023
Döwük aýna seretmek bolanok diýýarler onsoňam näme üçin ýasda ýüz görülýän aýnalary örtük bn ýapýalarka?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.