atakulyyewa_humay
22.06.2023 09:57

Gawunyň we garpyzyň gowusyny saýlamagyň birnäçe ýönekeý usuly bar. Geliň, süýji gawunlary we garpyzlary nädip saýlamaly öwreneliň!


Baldagyna (Sapyna) serediň!


Garpyz ýa-da gawun saýlanyňyzda, onuň baldagyna seredip, onuň terligini bilip bilersiňiz. Eger garpyz baldaklarynyň reňki ýaşyl bolsa onda ol ýaňy ýyglandygyny habar berýär. Eger goňur we gury baldagy bar bolsa, onuň has öň ýygnalandygyny aýtmak bolar. Täze, ter we bişen gawun ýa-da garpyz saýlamak isleseňiz, ýaşyl baldagy bolanlary saýlaň!


Agyrlygy


Bişen garpyz göwrümine görä agyr bolýar. Şireli garpyz ýa-da gawun has agyr bolýar. Şonuň üçin garpyzy eliňizde göterip görüň, şonda onuň şireli we bişendigine göz ýetirip bilersiňiz!


Sesini diňläň!


Garpyzy ýa-da gawuny eliňiz bilen göterip ony gysyp, eliňiz bilen urup görüň. Miwe bişen bolsa, içi boş ýaly çuň ses berýär. Bu miwäniň hem suwly, hem bişendigini görkezýär. Şeýle hem gawun saýlanyňyzda, baş bölegini (baldak däl-de beýleki tarapy) ysgap görüň. Eger ýakymly ysy bar bolsa onda ol gawun bişipdir, has şekerli ys bar bolsa, gawunyň bişip möhleti geçipdir.


Daşynyň (gabygynyň) reňki


Garpyzy ýa-da gawuny gözden geçireniňizde, onuň reňkiniň janlydygyna göz ýetiriň. Garpyzlaryň açyk zolaklary we goýy ýaşyl gabygy bolmaly. Beýleki tarapdan gawunlaryň ýaşyl ýa-da goýy sarymtyl reňkleri bolmaly. Şeýle hem, gawun biraz ýumşak bolsa onda bu gawunlaryň bişendigini aňladýar.

28
427
ilye
29 Iýun 2023
Haladymmm
pbb8
24 Iýun 2023
Bu maglumatlary okap öwrendiñmi ya.....
atakulyyewa_humay
24 Iýun 2023
@pbb8, düşündim yaran bolsa minnetdar!
pbb8
24 Iýun 2023
Ististoryada dami sho kan bilemok hali bu programada taze goşuldym
pbb8
24 Iýun 2023
Öwrenmeli we özgermeli, kämillige çäk ýok......
atakulyyewa_humay
24 Iýun 2023
@pbb8, istoryamy haýsy?!
pbb8
24 Iýun 2023
Salam. Atakulyyewa Humaý. Istorýañyzda goýan sözleriñiz gaty gowy eken👍👍
1999
23 Iýun 2023
Gyzykly maglumat sagbolyn🙂
atakulyyewa_humay
23 Iýun 2023
@alat, saňa gyzykly dãl bolsa, onda oturmada özũňe gyzykly zady tap
alat
23 Iýun 2023
Gyzykly dal zady name ucin paylasayn men
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.