atakulyyewa_humay
21.06.2023 05:26
Karl Linneý özüniň eden syýahatlarynda Hindistana baryp «Sapindus saponaria» agajynyň miwelerini peýdalanyp, onda sabyna meňzeş alamatlarynyň bardygyna göz ýetirdi. Karl Linneýiň maglumatlaryna esaslanyp, häzirki zaman ylmynda bu agajyň ady latynçadan, «sapo» - sabyn, «indiçus» - Indiýa, iki söziň birikmesinden emele gelip «hindi sabyny» diýmekligi aňladýar. Kä ýagdaýlarda bu agaç «Sübse şekilli kelreýter» diýip hem atlandyrylýar. Bu maşgala degişli agaçlaryň gabygynda saponin maddasy saklanýar.

Sabyn agajy hemişe ýaşyl öwüsýän, ýapragyny düşürýän agaçlara degişlidir. Ýapraklary gapma-garşylykly ýerleşip, onuň uzynlygy 15-40 sm-e ýetýär. Gülleri ownuk şeklinde. Miweleriniň diametri 1,5 sm, bir sany miwe 3-den gowrak tohum saklaýar. Miwesiniň ýumşak ýeri 30-dan gowrak saponin maddasyny saklaýar. Onuň miweleri käbir ýerlerde «Sabyn hozy» ýa-da «Sabyn iýmişi» diýlip atlandyrylýar.

Sabyn agajy diýilmeginiň esasy sebäbi agaç miweleri suwa ezilende suw köpürjikleýär we onuň köpürjiklemegi hem düzümindäki saponin maddasy bilen baglanyşyklydyr. Emma bu madda suwuň üsti bilen balyklara we mör-möjekleriň bedenine düşende ölüm howpludyr.

Amerikada we Aziýada ençeme asyrlap ösümligiň miweleri matalary we egin-eşikleri ýuwanda tebigy ýuwujy serişde hökmünde ulanylyp gelnipdir. Häzirki wagtda zawod kosmetika we ekologiýa taýdan arassalaýjy ýuwujy serişde hökmünde ulanylyp gelinýär. Käbir görnüşli miwelerinden kir ýuwmak üçin sodalar hem taýýarlanýar.

Sabyn agajynyň miweleriniň beýleki ýuwujy serişdelerinden tapawudy eşiklerde yz galdyrmaýar, eşikleriň reňkini saklaýar we gipoallergen häsiýete eýe.

Häzirki wagtda bu agaç Gara deňziniň kenar ýakalarynda, Kawkazda we Merkezi Aziýa ýerlerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Häzirki wagtda Sabyn agajynyň 15-den gowrak görnüşleri belli edildi. Bu agaç häli şindi hojalyk ähmiýetli işlerde ulanylyp gelinýär.
18
295
Myhman Myhman
28 Iýun 2023
Yokla dogrumu
wolfff
21 Iýun 2023
@tsol_va, sag bol minnetdar 😊
atakulyyewa_humay
21 Iýun 2023
@wolfff, ýok-la...
tsoltanova
21 Iýun 2023
@wolfff, +17055011020 meseläñ şu nomera imodan ýaz.
melek06
21 Iýun 2023
@wolfff, Bolýada🙋🏻‍♀️
wolfff
21 Iýun 2023
@melek06, gaty gorerlik zat yokla 😊ay bolya hazirlikce 👋
wolfff
21 Iýun 2023
@melek06, howwa Arzuwçik gorkezipdi imoda :)
wolfff
21 Iýun 2023
@melek06, men betlay ay yitmeli boldymda 😄
wolfff
21 Iýun 2023
@melek06, saña ayratyn köp köp sag bol yogam bolsam yatlap doglan gunumi post edip goyupsyñ minnetdar 😁
wolfff
21 Iýun 2023
@melek06, ohho salam gowmy kardeşim göni tanadyñ malades 😃
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.