DAŞLAŞMAÑ
Bir wagtlar ruhany öz okuwçylaryndan sorapdyr:
- Näme üçin adamlar söwüşenlerinde olar gygyryşýarlar? Näme üçin sesine bat berýärler?
Olaryň biri: - Sebäbi olar öz rahatlygyny ýitirýärler
- Rahatlyk ýitirselerde olar näme üçin gygyryşmaly, gohlaşmaly? onuň gygyrýan adamy onuň ýakynynda bolýara?
Oturan okuwçylaryň her hili ýagdaýlary düşündirselerde ol ruhanyny kanagatlandyrmandyr.
Iň soňunda ol gerek jogabyny alyp bilmänsoň özi düşündirmäge başlapdyr:
- “Haçanda adamlar söwüşenlerinde, olaryň ýürekleri biri-birlerinden daşlaşýarlar, olar bu daşlaşmany duýýandyklary sebäpli olar aýtýan sözlerini biri-birine eşitdirmek üçin sesine bat berýärler, olar näçe gaharlansalar şonça-da sesleri belentden çykýar.
- Ýöne bilýäňizmi näme üçin halaşýan aşyklar biri-birleri bilen gepleşenlerinde olaryň sesleri ýuwaş çykýar?, sebäbi olaryň ýürekleri şol pursat örän ýakynda ýerleşýär. Bularyň ýürekleri has ýakynlaşsa olar eýýäm gürleşenlerinde pyşyrdaşyp başlarlar, olar üçin şol pursat gürlemek zerur däl olary duýgular birikdirýär.
Elbetde durmuşyň oýny kän adamlarda düşünişmezlik kän bolýar, ýöne bu ýagdaýda şol ýürekler daşlaşmaz ýaly etmeli, siziň ýüreklerňizi has hem daşlaşdyryp biljek sözleri aýtmaň, sebäbi bir gün geler şonda ýürekler şeýle daşlaşar welin olar yzyny hem tapmazlar” – diýipdir.
©Gyzykly