ŞADYÝAN GÜN
Aý, ýöne,
Keýpine aýdym aýdýaryn,
Keýpine hoş salam ýollaýan Güne.
Tanyşlyk üçin däl—
Gyzlara duşsam,
— Salam, keýgim — diýip, geçýän keýpine.
Garagol çagany guş deý göterip,
Mündürýärin sazdan doly kelläme.
Suwa daş zyňýaryn— bökýär, oýnaýar,
Ýeri, şol suwa daş zyňamda näme.
Dükanlaryň witrinasy enaýy,
Dükana dykylyp girýärin, ine,
Soraýaryn onuň-munuň bahasyn.
Satyn almakçy däll
Ýöne keýpine.
Guşlaram baglarda jagylda-jugul,
Ýollarda baglaram guşlary bilen,
Bu täsin gün ýaýnap otyr enaýy.
Keýpine,
Keýpine,
Ýöne keýpine.
Çaga ýaly bu arassa asmana
Kelläm degil,
Owaz edýär keýp bile.
Onson neneň Saturnyň halkasyn
Şlýapa dek geýmejek sen keýpine.
Gurbannazar Ezizow