Dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň başyny Angliýadaky, ABŞ-daky we Şweýsariýadaky ýokary okuw jaýlary eýeleýär. Iň gowy ýokary okuw jaýlarynyň sanawy her ýyl dürli ugur boýunça täzelenýär.
Iň abraýly 5 ýokary okuw jaýy:
Oxford Uniwersiteti – Uly ýaşly adamlaryň däl eýsem kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň hem bilýän bu ady belli uniwersitet Angliýada ýerleşýär. Dünýädäki birnäçe prezidentleri, meşhur işewür adamlary şeýle-de alymlary çykaran bu ýokary okuw jaýynyň abraýy juda beýikdir.