Gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülen el telefonlary kähalatlarda gyzyp bilýär. Eýsem, munuň sebäbi nämedenkä, öňüni almak üçin nämeler etmeli?!
Smartfonlar dürli sebäplere görä gyzyp bilýär. El telefonlarynyň käbir programmalary we aýratynlyklary has köp energiýa talap edýär. Şol programmalaryň köp wagtlap ulanylmagy, telefonyň gyzmagyna sebäp bolýar. Içinde bir topar maglumat geçiriji bolan kompýuterler hem gyzýar. Emma, olarda gyzgynlygy daşaryk üfleýän perler bar.