Şeýda
24.03.2020 20:08
"Guşlar bilen söhbet açdym"

Guşlar bilen söhbet açdym,
Men bakylyk barada.
İne, şu ullakan zemin,
Hemem şu asman arada.

Dostlaryma sarpa goýdum,
Elyetmez gyzlary söýdüm,
Baş ýalaňaç gezdim garda,
İne, şu ullakan zemin
Hemem şu asman arada.

Ýok, gykuwlap dal- de, aglap,
Geçinende jiger daglap,
Düşündim men durnalara,
Öz köňlümem ahy -zarda,
İne, şu ullakan zemin
Hemem şu asman arada

Her näme diysegem dostlar,
Göterilsin bu gün tostlar,
Çünkü ýaşamaklyk hezil,
Gan urýaka damarlarda,
İne, şu ullakan zemin
Hemem şu asman arada.

Gussa batmak näme derkar,
Şatlanmaga hakymyz bar,
Gam çekeris biz aňyrda,
Biz, entek diri ahyry,
İne, şu ullakan zemin
Hemem şu asman arada.

Ýone ulurak bolalyň,
Uludan tälim alalyň,
Söz açsak näme barada,
Çünkü kıçı bolmak- günä
İne, şu ullakan zemin
Hemem şu asman arada.
3
336
Şeýda
24 Mart 2020
Пожалуйста ??
Pretty girl
24 Mart 2020
Sps??
Şeýda
24 Mart 2020
Gurbannazar Ezizow
Pretty girl
24 Mart 2020
???Goşgyň awtory kimkä bilýäňizmi?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.