dowrann
13.06.2023 07:39
Hemme bilýär — erki bolýar her kimiň.
Meniňem paýyma birisi düşdi.
Göwnüne degmezdim lälik erkimiň,
Şoň üçin aldy-da, daşyma geçdi.

Günäsizmi ýa-da günälimidi,
«Ýör» diýse, yzyna düşäýmelidi.
«Mün» diýse, säginmän münäýmelidi.
«Düş» diýse, säginmän düşäýmelidi.

Gijeki peýdasyz oturlyşyklar,
Maňyzsyz jedeller, manysyz sözler,
Edilýän gybatlar — «opurlyşyklar»,
Akyllysyraýan akylsyz gözler, —

Syzdym: bulaň bary gerekmez zatdy,
Peslikdigini-de örän berk syzdym.
Ýöne erkim weli, diýseň bezzatdy,
Erkim bardy, emma ýene erksizdim.


dowamy inniki postda
8
86
lieon
21 Iýun 2023
Baýram salam dos haýyş bar kyn görmeseñiz
dowrann
13 Iýun 2023
@BaýramBejidow, bolya
BaýramBejidow
13 Iýun 2023
Içeri gir diýýär
BaýramBejidow
13 Iýun 2023
Post goýup bolanokmy?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.