Ýüregiñ böküp dur dünýä sygañok
Sähel zada gülen 18 ýaşym
Uly dünýä bir garaýşa degenok
Wah özgesi ýanan 18 ýaṣym
Duýmandyryn neneñ niçik geçeniñ
Toýlarda tans oýnap serden geçenim
Ṣol gözeliñ gözlerine gaçanym
Girdaba gark bolan 18 ýaşym
Çolaşasyñ geldi dilber näzine
Sataşasyñ geldi söýen gyzyña
Biygtyýar düṣdûn gitdiñ yzyna
Ýatlamadan gelen 18 ýaşym
Göz astyndan ogryn-ogryn bakmalar
Wada berýar wagty bilen çykmaýar
Agṣam aý yşkyna ṣöwür çekmeleñ
Bar wagtymy alan 18 ýaşym
Ahli ahmyr armanlarymy alardym
Indi name etjegimi bilerdim
Şu diläniñe bitse ýatyp dilärdim
Ýeke gezek dolan 18