dowrann
12.06.2023 12:50

Baýlar bardyr, garyplara rehm eýlär,

Bardyr baýlar, dünýä malyna degmez;

Gözel bardyr dünýä malyn iýdirsiň,

Bardyr gözel, iýen nanyna degmez.


Dünýäde bahylyň ýüzüni görme,

Aşyň, nanyň, suwuň alyşyp berme.

Gul diýip, ýigidiň aslyny sorma,

Hojasy bar, belki, guluna degmez.


Dünýä malyn berseň, eýesi satmaz,

Şa istese, anyň dilegi bitmez,

Bedew bar, pul berseň, bahasy ýitmez,

Bedew bardyr, salan juluňa degmez.


Döwletli är gerek, söweşde serhoş,

Ýat bilen baryşsaň, bolar sen gardaş,

Ýagşy ogul, ýagşy aýal, gyz syrdaş,

Bu döwlet her kimiň eline degmez.


dowamy ertir

14
147
dowrann
12 Iýun 2023
@Guzela✔, pocta
dowrann
12 Iýun 2023
@Guzela✔, janicgam bolsan janicge diyerinda😑
dowrann
12 Iýun 2023
Onki gosgynyn dowamy taze postda bar⚠️
bayramgeldi_tachmyradov
12 Iýun 2023
hany programma üýtgemedimaý 5000 söze geçmedimi limit
bayramgeldi_tachmyradov
12 Iýun 2023
👍👍👍👍👍
dowrann
12 Iýun 2023
@Guzela✔, janicge
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.