dowrann
10.06.2023 20:57

Dokuz aý ýatmyşam enem garnynda,

Göz açyp, dünýäge düşen günlerim;

Dört aýakda gezdim enem elinde,

Sekiz aýda hem gülüşen günlerim.


Birimde bilmedim ýagşy-ýamany,

Ikimde tanydym ata-enäni,

Üç ýaşymda taňry berdi zybany,

Dört ýaşymda daş atyşan günlerim.


Bäşimi ötürdim bahar-ýaz bilen,

Alty ýaşda kowalaşdym saz bilen,

Ýedi ýaşda işim bolmaz gyz bilen,

Sekizimde dişim düşen günlerim.


Dokuzymda berdim taňry salamy,

Onumda boýnumda hakyň kelamy,

On birimde tutdum döwet-galamy,

Okyp-okyp magny saçan günlerim.


galany ertir 

17
115
okyjy dz
13 Iýun 2023
Görogly şadessanda-da bar,Magtymgulyň goşgusyda bar
sirinjemal
11 Iýun 2023
Gowy görüp owrenen gosgym okuwcy wagtym
kadyrowa
10 Iýun 2023
On ikimden gitdim on uc yaşyma 👍👍👍👍👍👍
Akgyz💗
10 Iýun 2023
👍👍👍 Gowy eken... dowamyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan....
suwa
10 Iýun 2023
Dowamyna garaşen
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.