hajymyratt
10.06.2023 01:00

Aýlyk Bermeseñ


Içjek çaýyñ irden özüñ demlärsiñ,

Çagyrañda , gelmeýşini geñlärsiñ,

Söze başlamakañ derrew soñlarsyñ,

Şeýder öýdäkiñe aýlyk bermeseñ.


Öñ "ezizim" adyñ, bolar "ýerçeken"

Tapawudyñ bolmaz ruskiý gürjiden.

Palawñam iýersiñ agaç çemçeden,

Şeýder öýdäkiñe aýlyk bermeseñ.


Hoş sözi hem bolmaz , ýüzünem sowar,

Gyşyk seredäýseñ , göz bilen bogar,

Uzak gün mellekde geçersiñ ýowar,

Şeýder öýdäkiñe aýlyk bermeseñ.


Naharada duzy kemterräk atar,

Ylgap gidip seni gaýnyna satar,

Düşegini süýräp o jaýda ýatar,

Senem biliñ guşap berkje durmasañ,

Şeýder öýdäkiñe aýlyk bermeseñ.


Hajymyrat

24
122
durdane
10 Iýun 2023
😁😁😁😁👍👍👍 bolman näme Aýlyjagyňyzy getirmänem bir görüň 😅
perizadym
10 Iýun 2023
🙂🙂🙂🙂🙂
suwa
10 Iýun 2023
👍👍👍👍👍
HajymuratGoshayev
10 Iýun 2023
okyjy dz, oylenmedik
okyjy dz
10 Iýun 2023
Anyk bilýän ekeniň,öýlenen bolmalyda sen👍👍👍
seyitnazarowna
10 Iýun 2023
Dogry👍👍😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.