Söýgi hem modadan gaçýar diýdiňmi
Hak aýtýaň söýgäde ýetipdir moda
Kä gyz şu gün irden birini söýse
Ertir irden düşýär başga bir oda
Ýaşlar gazetinde okadym bir gün
Gurban-diýen ýigidi söýüpdir bir gyz
Onsaň Şamyrady onsaň Igdiri
Häzirem söýýärmiş gazak ýigidiňi
Ertir kimi söýjek belli däl heniz
Odisseý her kimde bir bolmalydyr
Çalşyp ýörmek bolmaz täze-täzeden
Täze küýzäň suwy sowukmyş diýip
Içip ýörmek bolarmy munça küýzeden
Öňler söýgi hakda gürrüň açylsa
Gyzlaryň tarapyn çalarşyň hökman
Indi bolsa gyzlaň käbirini görsem
Olaň söýgi diýýän zadyndan gorkýan
Kerim Gurbannepesow