Sensiz bolmaz eken aýly gijeler,
Aýam öz nuruny saçyp dursa-da,
Wagt diýlen zadam zalym durmuşda,
Bize dözmän aýak çekip dursady.
Gyşyň gary ýaly doňsam-da käwagt,
Baharyň mylaýym şemaly bolup,
Birden ýüregimiň gapysyn kakyp,
Begendirseň, erärdim men gar bolup.
Güýzüň sarylygy ornap bedenme,
Kem-kemden umydym düşüp dur gaýyp,
Sensiz gül açmagam, sensiz güllemek,
Hamala meň üçin ullakan aýyp.
Görýäňmi, güýzüňem sessiz gijesi,
Ähli zat ýerinde: Aý hem ýyldyzlar,
Hasabym däl nesibäme ýazylan,
Ykbalymyň maňa çeken bijesi.