atakulyyewa_humay
04.06.2023 11:08
ABŞ-nyň Arkanzas uniwersitetiniň alymlary Marsyň topragynda ýetişdiriljek tüwini taýýarladylar. Munuň üçin tüwiniň genini özgertdiler.

Uniwersitetiň saýtynda berilýän maglumata görä, Mars planetasynyň topragy Ýerdäki ösümlikleriň ýetişdirilmegi üçin ýaramly däl. Çünki Marsyň topragynda ösümlikler üçin örän ýaramsyz duzlar bar. Şonuň üçin hem alymlar tüwiniň genini awyly toprakda ýetişer ýaly redaktirläpdirler.

Indi alymlar geni üýtgedilen tüwileriň adam organizmine täsirini öwrenerler. Tejribäniň üstünlikli geçirilmegi adamlara Marsda ekin ekmäge mümkinçilik berer.
13
204
atakulyyewa_humay
4 Iýun 2023
gul_, hehe :))
atakulyyewa_humay
4 Iýun 2023
mawy, ay näme, belki, birnäçe asyrdan Marsda ýaşaýyş dorap, adamlar ýaşar 🤷 şonda Yerdaki adamlary Marsa akitmek hokmanam bolmaz 🙂
okyjy dz
4 Iýun 2023
Suw bolmyka Marsda?
atakulyyewa_humay
4 Iýun 2023
mawy, indi dowur osyar, adamlaryň aňy hem şeýle... Görmeli, barlag edip görmeli, diňe Ýerde ýaşaýyş bar diýip şol yerde oturmaly dãl...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.