lord
01.06.2023 19:50
Gözledim seni
Bahar güller açanda,
Saýrak guşlar uçanda,
Güneş nurun saçanda,
Janym gözledim seni.

Ýodalardan, ýollardan,
Uzak-uzak illerden,
Gülälekli gollardan
Gülüm gözledim seni.

Bakdym belent daglara
Serçemenli baglara,
-Gel, Läläm maňa gara!
Diýip, yzladym seni.

Ýürek aglar gün-günden,
Aý gyz gizlenme menden,
Gara gözler içinden
Saýlap gözledim seni.

Annasoltan Kekilowa
14
123
okyjy dz
4 Iýun 2023
gul_, bashlangyc klas okuwcysydym shony okan wagtlarym
lord
3 Iýun 2023
Nädogry syýasatyň günäsiz günäkäri.
okyjy dz
2 Iýun 2023
gul_, bagyşla Salam almandyryn,kellede müň hyýal🤦
okyjy dz
2 Iýun 2023
Biziň "çorba çykarlyk"adamlarmyzy halk duşmany etdilerdä, ýeri gende şu "çorba çykarlykmy" ya-da "çykararlykmy", we türkmeniň şu söz aýtgysynyň aňyrsynda nämeler baryny bilýäniňiz ba bolsa post etseňiz gowy bolardy
okyjy dz
2 Iýun 2023
gul_, hm dogry,maglumatlar üçin sagbol,şo üçüsi hakda-da çala bilýädim, "mana düşmeýän" wagtym elime bir kitap düşüpdi,şonda okanym çynmyka ýa şo wagtla düşünmedimmikäm dip pikir etdim,diýmek düşünen ekenim
okyjy dz
2 Iýun 2023
gul_, men çagakam okapdym bir kitapda,oda çala ýadymda,durmuşy kyn bolupdyr,"Ömrüzaýa ýyldyzym" diýen goşgular ýygyndysy bardy,Aman Kekilow bn garyndaşlygy barmyka
Relax
2 Iýun 2023
gul_, belki
Relax
2 Iýun 2023
gul_, onda gowy girmäýmese
Relax
2 Iýun 2023
gul_, nomerin registrasya etdiñmi?
Relax
2 Iýun 2023
gul_, gowy ýitiñ gitdiñ öziñ
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.