Paradise
01.06.2023 15:09
Gyzym (Durmuşa çykýan gyza enäniň sargytlary)

Indi ataň öýüň läligi dälsiň,
Gadam basýaň, uly durmuşa, gyzym!
Çaga endikleriň öýmüzde galsyn,
Öwrenşiber, täze gurluşa gyzym!

Diýdirmäwer:"Plankesiň dogmasy",
Giç ýatmaly, Günden has öň dogmaly,
Çöregem ýapmaly, sygram sapmaly,
Goluň çermäp, biliň berk guşa, gyzym!

Gaýneneň, gaýnataň dolagyň bolsun,
Ýüwürjiň, baldyzyň doganyň bolsun,
Dost-ýarlary daýyň, ýegeniň bolsun,
Öwrül olar üçin elguşa, gyzym!


Gaýratly bol, her bir işe zor bolgun,
Baran öýňe ýagty saçyp, nur bolgun,
Ýeke çapma, olardan ugur algyn,
Girdäni bir ajap görnüşe, gyzym!

Görmesinler eliň işsiz wagtyny,
Mähriň bilen gazanmaly bagtyňy,
Söýmek nesip etsin, perzent, agtygy,
Baran ojagyňda ornaşa, gyzym!

Ýanýoldaşyň goýmagyn hiç gaýgyda,
Ýürekden söý, gudrat bardyr söýgüde,
Aňsat-aňsat çykylmaýar beýge-de,
Çykylýar dyrmaşa-dyrmaşa, gyzlar,
Şeýdip öwrenşiber durmuşa, gyzym!
24
147
Miss_Minnosh❤️
2 Iýun 2023
Gosga soz yok gaty gowy👍🏻Hemme ejeler gyzlaryna seyle terbiye bersin
Dovlet Ashyrov
2 Iýun 2023
Mährem öýüň eziz gyzy, Sen owadan älemiň uzy, Jan käbäň gözüniň nury, Arzuw umytlarynyň bary. Amalia Gulmyradowa
okyjy dz
1 Iýun 2023
Goşgyjan eken👍👍👍
kadyrowa
1 Iýun 2023
𝑮𝒐𝒘𝒚 𝒈𝒐𝒔𝒉𝒈𝒚👍👍👍👍...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.