violinist
28.05.2023 22:57
Paradoks - kabul edilen umumy pikire, ylmy kadalara ters gelýän we şonuň ýaly-da sagdyn pähime garşylykly bolýan, özbaşdak bir pikir.

Bu söz grek dilinde parádoxos , latyn dilinde paradoxum diýen sözlerden gelip çykyp "ynanyp bolmaýan" diýmegi añladýar.

Paradokslarda adaty kabul edilen düşünjelere, hatda öz-özüne garşy gidýän pikir öñe sürülýär. Ilkiniji paradoks takmynan 1530-1540-njy ýyllarda ulanylýar.
Paradokslar adamlary gyzyklandyrýan düşünje, sebäbi olar bizi durup pikirlenmäge mejbur edýär. Olar syrly, käwagt bolsa olara düşünmek kyn bolýar. Mysal üçin:

Less is more ~ Az bolsun uz bolsun.

Bu esasan hem minimalizm düşünjäni goldaýar. Häzirki döwürde azlyk, gysga maglumat, düşünmesi ýeñil bolan tehnologiýa, az goşly otaglara bolan isleg has ýokary.

Paradokslar üns çekmek, täze düşünjelere itergi bermek üçin, esasan hem, edebiýatda çeperçilik serişdesi hökmünde ulanylýar.

Iñ täsin paradokslar:

1. Adamlara özüñi gowy gördürjek boldugyñça, olar sizi halamazlar.

2. Näçe köp şowsuzlyga uçrap ýalñyşdygyñyzça, şonça hem üstünlikli bolarsyñyz.

3. Bir zady etmek sizi gorkuzýan bolsa, diñe şony etmek arkaly gorkuñyzdan dynyp bilersiñiz.

4. Adamlardaky halamadyk häsiýetiňiz — siziň öz içiňizde gizlenendir.

5. Dünýäde näçe biri-birimize bagly bolup jemgyýetleşdigimizçe, biz özümizi şonça-da üzñelikde ýaly duýýarys.


Meşhur paradokslar:

1. Bir zady bilýän bolsam, ol hem hiç zady bilmeýänligimdir.

2. Bu soñunyñ/ahyrynyñ başy. (The beginning of the end)

3. Ýalançy "Men hiç haçan ýalan sözlämok/aldamok" diýip aýtdy.

4. "Ýaşlygyñ ýaşlara sarp edilýänligi nähili gynançly" -Jorj Bernard Şou

5. Ikinji sözlem ýalñyş. Birinji sözlem dogry.
23
532
runia
13 Iýun 2023
Gyzykly✧
bars
2 Iýun 2023
Salam
Myhman
31 May 2023
"Surat korkunç" diýmegiňiz gaty nä dogry suratda aýdyňlyk gizlenen
Myhman
31 May 2023
Adamlara öziňi gowy gördürjek boldugyňyzça olar sizi halamazlar😔
Myhman
31 May 2023
Elbetde
Sary
31 May 2023
Ÿagny " Meni meñ bilen öldür" diÿen ýalyda?!
ideallider
31 May 2023
Sary, düşündim. Kijijek hekaýa "Birgün meň öňümden men çykdym we men özüme "Wagtyň maşyny berdi"!👍
Sary
29 May 2023
garajaoglan, Düşün-dä düşünip bilseñ...)
atakulyyewa_humay
28 May 2023
Näçe köp şowsuzlyga uçrap ýalňyşdygymyzça, şonça hem üstünlikli bolarys👍
menesa___
28 May 2023
Bolşum paradoks :')
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.